Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary Kataryň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

03:2924.08.2017
0
5914

23-nji awgustda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Doha şäherinde Kataryň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Bu duşuşyk iki ýygyndy üçin hem ähmiýetlidir. Çünki ildeşlerimiz 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatyna çykmak üçin 5-nji sentýabrda Singapuryň ýygyndysy bilen duşuşar. Kataryň ýygyndysy bolsa indiki ýyl Russiýada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Siriýanyň we Hytaýyň ýygyndylary bilen duşuşyklary geçirer.

Duşuşykda hasaby ilkinji bolup ýer eýeleri açdylar. Kataryň ýygyndysy 19-njy minutda Hassan Halidiň geçiren goly bilen öňe saýlandy. Ikinji ýarymda katarly futbolçylar burçdan pökgini oýna girizende, ildeşlerimiziň biriniň garşydaşynyň köýnekçesinden çekendigi üçin emin 11 metrlik jerime urgusyny berdi. Şeýlelikde, 65-nji minutda hasap 2:0-a çykdy. Ýöne bu goldan iki minut geçensoň, türkmen futbolçylary bir jogap pökgüsini geçirmegi başardylar. Pökgini milli ýygyndymyzyň iň ýaş wekili Resul Hojaýew geçirdi. Duşuşyk 2:1 hasaby bilen tamamlandy.

Dohada geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyndan soňra, milli ýygyndymyz Bolgariýanyň kurort şäheri Bansko şäherine tarap ýola düşdüler. Bu ýerde 2-nji sentýabra çenli okuw-türgenleşiginde boljak milli ýygyndymyz ýene-de iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ýöne indiki duşuşyklar ýygyndylar bilen däl-de, klub toparlary bilen bolar.

«E» toparçanyň iki tapgyryndan soňra Türkmenistanyň we Taýwanyň 3 utugy bar. Öňdebaryjy Bahreýniň ýygyndysy bolsa iki duşuşykdan 4 utuk ýygnady. Ildeşlerimiziň nobatdaky garşydaşy Singapuryň ýygyndysynyň diňe 1 utugy bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň