Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

23:5523.08.2017
0
10671

23-nji awgustda Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga berildi.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça 760 müň gektara güýzlük bugdaý ekiler. Gallaçylar 2018-nji ýylda şunça meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda 120 müň tonna ak bugdaý ýygnalar.

Ýurdumyzyň gallaçylary möhüm möwsüme ýokary derejede taýýarlykly geldiler. Galla oragy tamamlanansoň, dessine ýerler şüdügärlenildi, geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlanylan ýerler dökünler bilen gurplandyryldy. Azyklyk bugdaýyň ýokary hilli tohumlary ekişe taýýar edildi. Şu ýyl ak bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko”, “Krupinka” ýaly görnüşleri ekiler.

Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, tutuş Türkmenistan boýunça bu gezekki möwsümde “Keýs”, “Klaas”, “Jon Dir”, “Belarus-80N” we “Belarus-82.1” kysymly sürüm traktorlarynyň 2 müňden gowragy hem-de hatarara bejergi traktorlarynyň 5 müňüsi, ekiş gurallarynyň 1670-den gowragy hem-de beýleki agregatlar we enjamlar ulanylar.

«John Deere» (ABŞ) hem-de «CLAAS» (Germaniýa) ýaly dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň täze tehnikalary daýhanlar üçin uly goldaw bolar, olar gallaçylara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge ýardam eder. Bu bolsa bereketli hasyl almagyň girewidir. Hususan-da, galla meýdanlaryna “John Deere 8245R” traktorlarynyň 400-si, şu ýyl tomusda ýurdumyza gelip gowşan «CLAAS» kysymly traktorlarynyň 200-si çykarylar.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň “Türkmenistan”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Gökçäge”, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň J.Hekimow adyndaky we Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Zarpçy” daýhan birleşiklerinde ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy-kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi. Hususan-da, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ekişde agrotehnikanyň häzirkizaman usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň, oba hojalyk pudagynda iň täze tehnikalaryň sergisi guraldy. Güýzlük bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlary dürli öwüşginli konsert maksatnamasyny taýýarladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň