Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli ýygyndysy taýýarlyga başlady

17:4220.08.2017
0
11668

Futbol boýunça milli ýygyndymyz Singapur bilen geçirilmeli duşuşyga taýýarlyk işlerine 20-nji awgustda girişer. Milli ýygyndymyz 23-nji awgustda Dohada Kataryň milli ýygyndysy bilen duşuşar. 23-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda okuw-türgenleşik işleri Bolgariýanyň Banska şäherinde dowam eder. 22 oýunçydan ybarat bolan ýygyndymyz okuw-türgenleşigiň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň 2-sini geçirer. 2019-njy ýylda BAE-de geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrçasynda çykyş edýän milli ýygyndymyzyň 5-nji sentýabrda myhmançylykda Singapur bilen duşuşýandygyny ýatladýarys. “E” toparçada çykyş edýän milli ýygyndymyz toparçada geçiren iki oýnundan soň 4 utuk toplady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň