Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23:2119.08.2017
0
10376

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Resminama laýyklykda ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmegiň meselelerini kadalaşdyrmak, milli kanunçylygy seljermek, bu ulgamdaky kadalaşdyryş-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň hasaba alnyşyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaşlarda iş endiklerini emele getirmek we olary hünäre ugrukdyrmak boýunça kämil ulgamy döretmek işlerini dowam etmek, şeýle hem ýaşlary işe ýerleşdirmek barada döwlet statistiki hasabatlylygynyň sanawuny girizmek işleri göz öňünde tutulýar. Maksatnamanyň öňe sürýän möhüm ugurlarynyň hatarynda ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy boýunça şertleri döretmek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak ýa-da satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek ulgamyny döretmek ýaly meseleler bar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, iş bilen üpjünçiligiň, öňi bilen bolsa ýaş nesilleriň işe çekilmeginiň ýokary derejesiniň ýola goýulmagynyň makroykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda halk hojalygy toplumynyň dürli ugurlary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagyň binýatlaýyn ulgamy we ýörite institutlar döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça maksatnamada göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

“Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” Karara gol çekip we onuň düzümini tassyklap, döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň kadalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew nebitgaz pudagynyň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda “Magistral turbageçiriji ulag desgalarynyň gorag zolaklarynyň Tertibiniň” taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Magistral turbageçiriji ulag hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanylýan bu resminama nebit we nebit önümleri, tebigy hem-de suwuklandyrylan gaz akdyrylýan esasy turbageçirijileriň ugrunda gorag zolaklaryny kesgitlemegiň tertibini kadalaşdyrýar. Onda daşky gurşawy goramaga, turbageçirijileri howpsuz ulanmaga hem-de goramaga, ýüze çykyp biljek betbagtçylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen degişli çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýar. Hususan-da, gorag zolaklarynyň çäklerinde ekin meýdanlaryny ýerleşdirmek, ýaşaýyş jaýlaryny, ýollary gurmak gadagan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň wajypdygyny belläp, wise-premýere magistral nebit we gaz geçirijileriniň taslamasyny işläp düzmek, gurmak we senagat taýdan ulanmak, daşky gurşawy üçin olaryň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda dünýä tejribesini içgin öwrenmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz energiýa geçirijileriň ýagdaýyna netijeli gözegçilik ulgamyny ýola goýmagyň, şu maksatlar bilen, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary, şol sanda elektron enjamlary we beýleki ýörite abzallary doly ulanmagyň wajypdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgediýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu günler bugdaý ekişine taýýarlygyň çäklerinde ýerleri sürmek we tekizlemek, tohumlary hem-de tehnikalary taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat etmek üçin etraplarda we daýhan birleşiklerinde düzüminde degişli ugurlar boýunça hünärmenler bolan ýörite toparlar döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýyl ýurdumyzda 760 müň gektara bugdaý ekmek we ondan 1 million 600 müň tonna däne almak boýunça Kararyň taslamasy hödürlenildi.

“Türkmenistanda 2018-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky” Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe görkezmeler berdi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynyň hem sazlaşykly ösýändigini belledi. Ýurdumyzda daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli zerur şertler döredildi. Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Kärendeçi daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, suw we beýleki zerur bolan serişdeler bilen doly üpjün edilýär.

Häzir gallaçy kärendeçiler üçin möhüm möwsüm başlanýar. Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişine girişilmegine az wagtyň galandygyny belläp, geljekki bol hasylyň girewi bolan bu möhüm möwsümi ýokary hilli, bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 23-nji awgustda bugdaý ekişine girişmek barada ak pata berip, asylly däbe görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda başlanmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz “Ýere sepen her bir dänäňiz müň bolsun!” diýip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň her bir görnüşi üçin ýer kadastryny taýýarlamak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýy hakynda anyk maglumat almak üçin täze tehnologiýalary, şol sanda milli emeli hemranyň kömegi arkaly älem giňişliginden alnan maglumatlary işjeň peýdalanmak zerurdyr. Munuň özi oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, guramaçylyk meseleleriniň öz wagtynda çözülmegine ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynda özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň depginini güýçlendirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginde ulanylýan platina toparyna girýän metallardan ýasalýan katalitiki torlaryň galyndylaryny gaýtadan işläp, olardan täze torlary ýasap getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýurdumyzyň oba hojalykçylaryny mineral dökünleriň zerur mukdary bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň oba hojalygyny üstünlikli ösdürmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Oba hojalykçylaryň ýokary hilli we doly möçberli mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün edilmegi geljekki ýokary hasylyň baş girewidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz himiýa senagatynyň öňünde mineral dökünleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika toplumlarynda, jemagat hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem paýtagtymyzda ulag hereketini kadalaşdyrmak, duralga ulgamyny giňeltmek maksady bilen awtoduralgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Aşgabatda awtoduralgalaryň 615-si gurlup ulanmaga berildi. Olar umumylykda 88 müň 139 awtoulaga niýetlenendir. Awtoduralgalaryň 34-si köp derejeli, 249-sy bolsa açyk görnüşli. Olaryň 332-si belent, otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzemininde ýerleşdirildi.

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ýanynda umumy meýdany 8 gektara barabar bolan 759 orunlyk awtoduralga guruldy. Aşgabat-Mary ýolunyň ugrunda bolsa umumy meýdany 12 gektara barabar bolan we 1258 ulaga niýetlenen duralga bina edildi. Günbatar tarapda umumy meýdany 20 gektara barabar bolan 14 müň 400 ulaga niýetlenen duralga bar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bolsa 1400 orunlyk awtoduralga guruldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň Berkararlyk, Köpetdag, Bagtyýarlyk we Arçabil etraplarynyň çäklerinde 21 müň 294 ulaga niýetlenen 42 duralga guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan awtoduralgalaryň paýtagtymyzda ulag gatnawlaryny sazlaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Duralgalarda sürüjiler we ulaglar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, şäheriň çetinde ulaglaryny goýýan adamlaryň paýtagtymyzyň islendik künjegine jemgyýetçilik ulagynda bökdençsiz baryp bilmegini ýola goýmak boýunça zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumlarynda, ýol ýakalarynda ulaglaryň bir ýere jemlenmeginiň öňüni almak maksady bilen, awtoduralgalaryň üpjün edilmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz şäherde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagy, daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän ýagdaýyň öňüniň alynmagy babatda zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi we wise-premýere paýtagtymyzda ulaglaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutup, awtoduralgalaryň ýerleşjek ýerlerini seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow söwda toplumynyň alyp barýan işleri we telekeçilik düzümleriniň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy hem-de gözegçilik edýän ulgamlarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, söwda hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň çäginde söwda nokatlaryny guramak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu işe gatnaşýan ähli söwda guramalarynyň we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek hem-de tehniki serişdeleriň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmegi tabşyrdy. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe myhmanlara hem-de türgenlere edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, söwdany ýokary derejede guramagyň kadalary boýunça pudaklaýyn kärhanalarda düşündiriş işlerini geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, “Aşgabat 2017” oýunlary mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere taýýarlyk görmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetimiziň ruhy taýdan kämilleşmegine, milli medeniýetiň ösüşine, ilatyň medeni islegleriniň kanagatlandyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz öňümizdäki oýunlar mynasybetli geçiriljek çäreleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny beýan etmelidigini, döwletimiziň dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmäge ýardam etmelidigini aýdyp, wise-premýere yklymlaýyn sport ýaryşlary mynasybetli medeni çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz geçirilýän dürli bäsleşikleriň ýaşlaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmekde, zehinli we ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň abraýyny artdyrmaga ukyply ýaşlary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini ýola goýmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisi, degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen bilelikde,Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllarda ylmy barlaglaryň hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýarlanylan bu maksatnama degişli ulgamda amala aşyrylýan işleriň işjeňleşdirilmeginiň, täze bilimleriň özleşdirilmeginiň hem-de olaryň ylma ornaşdyrylmagynyň höweslendirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan bu maksatnamanyň wezipesi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esaslaryny ylmy taýdan öwrenmek hem-de seljermek, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlaryň dürli ugurlary, milli taryhyň möhüm meseleleri boýunça barlaglary geçirmek, ýokary hünärli işgärleri, ýörite monografiýalary, usulyýet hem-de okuw gollanmalaryny we beýlekileri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ylmy-barlag işleriniň möhüm meselelerine ünsi çekdi hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzakmöhletleýin geljekki mümkinçilikleri nazara almak bilen, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek babatynda onuň ähmiýetini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň alymlarynyň zehin-başarnyklarynyň ykdysadyýetimiziň we durmuş ulgamynyň ähli pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, düýpli we amaly barlaglaryň çuňlaşdyrylmagyna, milletimiziň örän baý taryhy-medeni mirasynyň öwrenilmegine, ylmy işgärleri taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ylmyň, bilimiň hem-de önümçiligiň arasyndaky arabaglanyşygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ygtybarly, döwrüň talaplaryna kybap gelýän ylmy binýadyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň, bellenilen ähli iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm aýrylmaz böleginiň biri bolup durýandygyny nygtap, “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi we wise-premýere bu Kararyň ýerine ýetirilmegine göwnejaý gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow şu ýylyň 13-14-nji oktýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň portlarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu sebitiň portlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. Bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisiň 7-njisi 2015-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunda geçirildi. Şonda nobatdaky duşuşygy Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt kabul edildi.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda mejlisiň gün tertibine gämi gatnawy, deňiz ýüklerini daşamak, howpsuz ýüzüşi üpjün etmek, Hazaryň deňiz menzilleriniň kuwwatlyklarynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň, gämilerdäki hyzmatlar ulgamyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna artdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giriziljekdigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara ykdysady gatnaşyklaryň we Türkmenistanyň daşary söwdasynyň ösdürilmeginiň ýük daşalyşynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýändigini belledi. Bu ulgama hyzmat etmekde döwletimiziň ulag geçelgeleriniň, şol sanda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm ugry hasaplanýan Türkmenbaşynyň döwrebap deňiz portunyň we beýleki düzümleriň ähmiýeti yzygiderli artýar.

Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky özara söwdanyň möçberleri yzygiderli ýokarlanýar. Ýöne köpugurly kuwwaty nazara alanyňda, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriniň portlarynyň ýolbaşçylarynyň bäştaraplaýyn bilelikdäki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýokary halkara derejesine laýyk gelýän we maglumat alşylmagynyň ýokary hilini üpjün edýän aragatnaşygyň kämil ulgamynyň döredilmegi barada aýdyp, ikinji milli emeli hemranyň äleme çykarylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň hünärmenleriniň we işgärleriniň öňünde kosmos ulgamyny mundan beýläk-de ýokary hünär derejesinde ösdürmek boýunça wajyp wezipeleriň durýandygyny aýdyp, wise-premýere ýurdumyzyň hemra aragatnaşyk ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň bäşinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýangyç-energetika ulgamy türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan transmilli energetika köprüsini gurmak bilen baglanyşykly bilelikdäki işleri çaltlaşdyrmagyň wajypdygyna üns berler.

Şeýle hem ulag ulgamynda, şol sanda täze halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we öňden bar bolanlaryny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri özara gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletler, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz mizemez dostlukdan gözbaş alýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini, ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Iki ýurduň arasyndaky netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly kuwwat bar. Şol kuwwatdan doly peýdalanmak bolsa umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, daşary işler ministrine Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň bäşinji mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu toparyň işi anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň 26-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky maslahatyna ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we beýleki ulgamlarynyň okgunly ösmegine ýardam etjek täze kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň taslamalarynyň giriziljekdigi bellenildi.

Deputatlar kabul edilýän Kanunlary we beýleki kanunçylyk namalaryny düşündirmek boýunça işler alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler babatda hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz saýlawçylar, şeýle hem ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşyk saklamagyň deputatlaryň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, olaryň öz ygtyýarlyklaryny netijeli durmuşa geçirmeginiň hem-de ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda gülläp ösüşi, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň