Hazarýaka ýurtlarynyň portlarynyň ýolbaşçylary Awazada duşuşarlar

06:0119.08.2017
0
2895

Şu ýylyň 13-14-nji oktýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň portlarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisi geçiriler.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri duşuşygyň barşynda gämi ýüzüşi, deňiz üsti bilen ýükleri gatnatmak, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazaryň portlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şol sanda önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmagyň hem-de gämilere hyzmat etmek ulgamynda häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu sebitiň portlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. Bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisiň 7-njisi 2015-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunda geçirildi. Şonda nobatdaky duşuşygy Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň