Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ekerançylary güýzlük bugdaý ekişine 23-nji awgustda girişerler

05:3919.08.2017
0
11134

Türkmenistanyň ekerançylary şu ýylyň 23-nji awgustynda bugdaý ekişine girişerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde şeýle görkezme berdi.

Häzir gallaçy kärendeçiler üçin möhüm möwsüm başlanýar. Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişine girişilmegine az wagtyň galandygyny belläp, geljekki bol hasylyň girewi bolan bu möhüm möwsümi ýokary hilli, bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 23-nji awgustda bugdaý ekişine girişmek barada ak pata berip, asylly däbe görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda başlanmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz “Ýere sepen her bir dänäňiz müň bolsun!” diýip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň