Soňky habarlar

Arhiw

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine we durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

05:1818.08.2017
0
10982

Şu gün ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli guralýan “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. 
Şanly waka mynasybetli guralýan çäreler köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen başlandy. Ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ilatyny, umuman, watandaşlarymyzyň müňlerçesini özünde jemledi. 
... Şeýlelikde, ähli zat köpçülikleýin çäräniň başlanmagyna taýýar edildi. Säheriň sergin çagynda paýtagtymyzyň dag etegindäki ajaýyp künjeginiň ýakymly howasy ynsan ruhuny göterýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, onuň başyny çekdi. Asylly çärä gatnaşyjylaryň hemmesi milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler. Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar agzybirlikde Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden Arçabil şaýoly bilen Ankara köçesine tarap ugur aldylar. 
... Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynyň guralýan ýerine tarap ugrady. 
Şu günki taryhy ähmiýeti bolan çäreler mynasybetli bu ýere ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly şäher ilaty we myhmanlar ýygnandylar. Hemmeler bu ýere welosipedli gelen milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. 
Nebitgaz toplumynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylan bu taslamanyň umumy bahasy 220 million 347 müň manatdan gowrakdyr. 
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň buýurmasy esasynda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi we ýerasty duralgasy bolan her biri 72 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si bina edildi. Olaryň hersinde belent, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan amatly öýler bar. Onda umumy meýdany 194,44 inedördül metr bolan 3 otagly öýleriň 8-si, umumy meýdany 248,05 inedördül metr bolan 4 otagly öýleriň 44-si, şeýle hem umumy meýdany 275,35 inedördül metr bolan 5 otagly öýleriň 92-si bar. Täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Öýlerde döwrebap tehnikalar we ajaýyp enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalar we suwa düşülýän otaglar bar. 
Şeýle jaýlaryň birinden 3 otagly öý almak bagty miýesser eden Töräýewleriň maşgalasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmançylyga çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz olarda myhmançylykda bolup, öý eýeleri bilen ýakyndan tanyşdy. 
Hormatly Prezidentimiz öý eýelerini şu baýramçylyk bilen ýene-de bir ýola gutlap, olara sowgatlar gowşurdy hem-de täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna täze öýde bagtly durmuş, maşgala abadançylygyny, berk jan saglyk we üstünlik arzuw etdi. 
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ankara köçesinde gurlan hem-de 40 müň adama hyzmat etmäge niýetlenen Saglyk öýüne tarap ugrady. 
Üç gatly täze desganyň öňündäki meýdançada Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-saz we tans toparlary çykyş edýärler. 
Täze desga maşgala lukmançylygy, keseli anyklaýyş, zenanlara maslahat beriş, hirurgiýa, diş keseller, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe bölümleri, inçe hünärli lukmanlaryň otaglaryny, barlaghanany hem-de oňaýly otaglary bolan gündizki hassahana bölümleri özünde jemleýär. Saglyk edarasynyň işi iki çalşykda guralyp, olaryň hersinde 600 adamy kabul edip bolar. 
Anyklaýyş bölümi elektrokardiografiýa, ehokardiografiýa, içki agzalaryň ultrases barlagy (UZI), ultrases süňk densitometriýa, elektroensefalografiýa, bronhoskopiýa, kompýuter reowazografiýa, spirografiýa, ultrases tokografiýa barlaghana we beýlekiler ýaly ýokary derejede barlag geçirmek üçin hemme zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Rentgen enjamlary, mammograflar we ultrases bar enjamlar toplumlary meşhur “Siemens” nemes kompaniýasy tarapyndan, fibrogastroskop “Storz” we “Olimpus” kompaniýalary, barlaghana enjamlary “Human” kompaniýasy tarapyndan getirildi. 
Maşgala lukmançylygy bölüminde dünýäniň esasy öndürijileriniň lukmançylyk tehniki enjamlary bar. Bular, ilkinji nobatda, ilkinji lukmançylyk gözden geçirilmeginde ulanylýan portatiw dopler, barlag geçirmek üçin ykjam ultrases enjamy, dermatoskop, dinamometr, otoskop, oftalmoskop, glýukometr we beýlekilerdir. 
Bu bölümiň işgärleriniň wezipeleriniň biri ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi, keselleri öňünden duýdurmak we beýlekiler babatda ilat arasynda wagyz ediş hem-de düşündiriş çärelerini geçirmekden ybaratdyr. 
Zenanlara maslahat beriş bölüminiň işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Howpsuz enelik” milli maksatnamasyna laýyklykda guralypdyr hem-de çagalaryň sagdyn dünýä inmegine we olaryň eneleriniň saglygyny goramaga gönükdirilendir. Bu ýerde akuşer-ginekolog, göwreliler üçin gündiz ýatymlaýyn, çaganyň enäň göwresinde kadaly ösmegini üpjün etmek üçin anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş çäreleriň toplumyny özünde jemleýän antenatal ideg ediş otaglary işleýär. “Sagdyn maşgala” hem-de göwrelilere gyssagly kömek beriş hem-de kiçi operasiýalary geçiriş otaglary bar. 
Hirurgiýa toplumy kiçi operasiýalara ýöriteleşdirilen otaglardan ybaratdyr. Bu ýerde bejerişi üstünlikli geçirmek üçin aseptiki we anteniseptika meselelere örän uly üns berlipdir. 
Stomatologiýa bölümi Germaniýanyň “Sirona” öndürijisiniň bejeriş we rentgen enjamyna laýyk gelýän doly toplum bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, Saglyk edarasynda oftalmolog, newropatolog, endokrinolog, onkolog, kardiolog, pediatr, immunolog, ýokanç keseller boýunça lukmanlar näsaglary kabul ederler. Inçe hünärli lukmanlar bilen bir hatarda bu ýerde şeýle hem surdolog, dermatowenerolog, allergolog, androlog, logoped, urolog, trawmatolog-ortoped, reproduktolog işleýär. Ýüz tutýan näsaglara şeýle hem iňňe sançmasy, oral regidratasiýasy, fitoterapiýasy, owkalamasy, suw bilen bejerýän, palçyk bilen bejermesi bolan hyzmatlar elýeterli bolar. 
Fizioterapiýa bölümi fiziki häsiýetleri, hereket ediş usuly hem-de bejerişden peýdalanmak boýunça giň we köp dürli enjamlar bilen bejermegiň ugurlaryna eýedir. Olar ähli döwrebap talaplara laýyk gelýär, adama agyrysyz we dermansyz kömek bermegiň esasy wezipesini çözmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde “Beko” we “Physiomed” nemes kompaniýalarynyň toplumy oturdylypdyr. 
Saglyk edarasynyň maksatnamasyna laýyklykda, onuň wezipesine diňe bir bejeriş, öňüni alyş hem-de dikeldiş wezipeleri girmän, eýsem-de, okuw we ylmy-barlag işlerini alyp barmak hem girer. Ol Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň maşgala lukmany kafedrasy, maşgala lukmanlaryny taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak üçin binýatlyk meýdançalaryň hem biri bolar. 
Saglyk öýünde fito-bar guralyp, bu ýere gelýänlere diňe bir türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan bejeriş içgileri hödürlenmän, eýsem-de degişli peýdaly maglumatlar hem berilýär. Onuň döredilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” diýen düýpli ylmy işi esasy ugur görkeziji bolup hyzmat etdi. Bu kitap fitoterapiýanyň 8 jiltli täsin ensiklopediýasydyr hem-de türkmen lukmanlarynyň häli-şindi peýdalanýan ýan kitabyna öwrüldi. 
Saglyk edarasynda öz kitaphanasy hem guralypdyr, naharhana we dermanhana bar, tele-wideogözegçilik ediş gorag ulgamy işleýär, ýanaşyk meýdançada tehniki taýdan hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan awtoduralga gurnalypdyr, kafeteriý göz öňünde tutulypdyr. 
Döwlet Baştutanymyz synlamagyny tamamlap we täze tiz kömek awtoulaglarynyň açarlaryny gowşuryp, Saglyk öýüniň işgärlerine asylly hem-de örän jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 
Soňra milli Liderimiz welosipedli täze Hyzmatlar öýüne tarap ugrady. 
Gapylaryny giňden açan üç gatly döwrebap Hyzmatlar öýüniň girelgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desseleri gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz ilata isleg bildirilýän hyzmatlary ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça Hyzmatlar öýüniň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler bilen tanyşdy. 
Olaryň oňaýly ýagdaýy, ilkinji nobatda, dürli ussahanalaryň, tikinçilik hyzmatlarynyň, bejeriş, hyzmat ediş we söwda nokatlarynyň bir ýere jemlenendigi bilen üpjün edilýär hem-de olar müşderileriň buýurmalaryny tiz hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän degişli enjamlar we abzallar bilen enjamlaşdyrylypdyr. 
Birinji gatda giň meýdançany eýeleýän 300 orunlyk toý zaly ýerleşip, bu ýerde bir wagtyň özünde iki sany toý dabaralaryny geçirmäge mümkinçilik bar. Ikinji gatda dolandyryş otaglary, tikinçilik bölümi, dükanlar hem-de durmuş hyzmatlary üçin otaglar ýerleşýär. Üçünji gatda 200 orunlyk naharhana, kafeteriý, bilýard oýnalýan ýer, çagalaryň oýun meýdançasy bar. Görnüşi ýaly, täze Hyzmatlar öýi “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanynda onuň töweregindäki öýleriň ýaşaýjylaryna ajaýyp sowgat boldy. 
Milli Liderimiz ikinji gata galyp, tikinçilik bölümine baryp gördi hem-de onuň işgärleri bilen söhbetdeş bolup, zähmet şertleri barada olaryň pikirleri bilen gyzyklandy. Arkadag Prezidentimiz bu ýerde taýýarlanylýan lybaslar, olaryň görnüşleri hem-de taýýarlanyş aýratynlyklary bilen tanyşdy. 
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde egindeşleri bilen paýtagtymyzyň esasy şaýollarynyň biriniň – Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň täze açylýan binasyna tarap ugraýar. 
Ýolugra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň bu künjeginiň abadanlaşdyrylyş derejesini synlap, Aşgabadyň ajaýyp keşbiniň emele getirilmeginde gök zolaklaryň döredilmeginiň, amatly howa gurşawynyň saklanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. 
...Ir säherden Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň öňündäki meýdançada hakyky baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, köpsanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. 
Dabaraly pursat gelip ýetýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň açylyş toý bagyny kesýär. Şol wagt dürli reňkli şarlar asmana uçurylýar. 
Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde işlemek üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Bu ýerde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň altysy – Demokratik we Agrar partiýalar, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Parahatçylyk gaznasy ýerleşýär. 
Binada döwrebap kompýuter we beýleki edara enjamlary hem-de oňaýly mebeller bilen üpjün edilen otaglar ýerleşýär. “Tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary, forumlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan bäş sany 20 orunlyk, iki sany 130 orunlyk we bir sany 60 orunlyk mejlisler zallary ýerleşýär. Binanyň ikinji gatynda zerur bolan tehniki enjamlar bilen üpjün edilen 500 orunlyk uly maslahatlar zaly bar. Üçünji gatda hormatly Prezidentimiziň eserleri we beýleki kitaplar bilen üpjün edilen kitaphana ýerleşýär. Binanyň içi ýurdumyzyň nakgaşlarynyň çeken surat eserleri bilen bezelipdir. Şunda däp bolan milli we döwrebap bezegiň ýörelgeleri ulanyldy. 
Binanyň howlusynda awtoulaglary goýmak üçin üsti bassyrmaly açyk awtoduralgalar göz öňünde tutuldy, ýerzemin gatynda awtoduralga, arhiw we ammarlar ýerleşýär. 
Şeýlelikde, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýän jemgyýetçilik guramalarynyň üstünlikli işlemegi üçin has amatly şertler döredildi. 
Döwlet Baştutanymyz uly maslahatlar zalyna barýar. Bu ýerde milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Arkadag Prezidentimizden guramanyň ilkinji mejlisini açyp, oňa ak pata bermegi haýyş etdiler. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň berkarar, kuwwatly we ösen döwlet bolmak bilen, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin çäksiz ykdysady mümkinçiliklere eýedigini belledi. 
Şonuň üçin biz ýakyn geljegi nazarlap, öz öňümizde anyk maksatlary goýýarys. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligine çykmagy üçin zerur bolan ähli şertleri döretdik diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmäge degişli 26 sany maksatnama amala aşyrylýar. Energiýa serişdeleri, ulag-üstaşyr geçelgeleri we ykdysady-önümçilik pudaklary babatda kuwwatly üpjünçilik ulgamyny döretmekde giň gerimli işler geçirildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenler taýýarlandy. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasion häsiýetli ykdysadyýeti dolandyryp bilýärler. 
Çig mal serişdeleriniň baý gorlary, amatly geosyýasy we geoykdysady şertler durmuş ykdysady ösüşde täze üstünlikleri gazanmak üçin Türkmenistana ygtybarly daýanç bolup durýar. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalarynyň halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine we döredijilikli üstünliklere ruhlandyrýandygyny aýdyp, olaryň mundan beýläk hem şunuň ýaly netijeli işlejekdigine, Watanymyzyň geljekde-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi we hemmeleri Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady. 
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyza köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň, şol sanda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ugry boýunça wekiliýetleriň gelýändigini, munuň bolsa dünýäde Türkmenistana gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýändigini belläp, bu merkezde Hormatly myhmanlaryň kitaby üçin ýörite ýeri döretmegi tabşyrdy. Munuň özi biziň myhmanlarymyza ýurdumyzda bolup görmegi barada täsirlerini paýlaşmaga hem-de ýadygärlik üçin ýazgy galdyrmaga mümkinçilik berer. 
Soňra milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. 
... Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen “Awtoulagsyz gün” atly ekologiýa çäresi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny ýygnady. Bu sport çäresi ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykmagyny alamatlandyrdy. Onuň maksady türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadançylygy we bagtly durmuşda ýaşamagy bolup durýar. 
Şu günki gün eziz Watanymyzyň täze taryhyna nobatdaky sahypany ýazan binagärlik açylyşlary mynasybetli geçirilen dabaralar bilen diňe welosiped sportunyň muşdaklarynda däl-de, eýsem, ähli türkmenistanlylaryň ýadynda hemişelik galar. Şu günki çäreler ägirt uly özgertmeleriň nobatdaky mysaly bolup, tutuş dünýä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ylalaşdyryjy ýurdumyza—Türkmenistana başgaça garamaga itergi berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň