Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017: 21-nji tapgyryň duşuşyklaryna syn

12:1115.08.2017
0
1049

15-nji awgustda Türkmenistanyň XXV Milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 21-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Bu gezek iki güne bölünen tapgyryň birinji gününde bir, ikinji gününde üç duşuşyk bolar. «Turkmenportalyň» ikisi paýtagtymyzda, biri Mary, biri Türkmenbaşy şäherlerinde geçiriljek duşuşyklar barada taýýarlan synyny size ýetirýäris.

 

15-nji awgust

«Ahal» — «Turan»

18:00, Aşgabat stadiony.

Birinji aýlawda: 3-0

Ikinji aýlawda: 4-0.

 

Ýaryş tertibiniň birinji we iň soňky orunlaryndaky toparlaryň duşuşygynda üstün tarap, göräýmäge, gürrüňsiz «Ahal». Ýöne geçen tapgyrda «Energetigi» ýeňen «Turan» beýleki garşydaşlaryna hem «arkaýynlaşmazlygy» maslahat berdi. Dogry, «Ahal» «Turana» şu möwsümde jogapsyz 7 gol geçirdi. Röwşen Meredowyň şägirtleri bu üstünligi ýene gaýtalaýmaly. Çünki geçen tapgyrdaky deňlik toparyň çempionlyk mümkinçiligine zyýanyny ýetirdi. Häzir ikinji orundaky «Altyn asyr» bilen aralyk 5 utuga çenli ýygryldy. Üstesine-de, «Altyn asyryň» bir oýny az. Diýmek, ýene-de ýekeje utulyş ýa deňlik «aragatnaşykçylaryň» has ýakyna gelmegine, belki utugyny deňlemegine ýa öňe geçmegine sebäp bolup biler.

Ýeňiş «Turana-da» gerek. Elbetde, topara dokuzynjy orundan halas bolmagyň başartjakdygyna ynanmak kyn. Onda-da utuk artdyrmak hiç haçanam zyýan edenok.

 

16-njy awgust

«Energetik» — «Altyn asyr»

18:00, «Energetik» stadiony.

Birinji aýlawda: 0-2

Ikinji aýlawda: 1-3.

 

Geçen tapgyrda «outsaýderden» utulan «Energetik» we 5 gol bilen «Balkany» derbi-dagyn eden «Altyn asyr». Ýöne Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri «Energetigiň» geçen tapgyrdaky şowsuz oýnuna aldanmaly däldigine oňat düşünýär. Düzüminde Guwanç Abylow, Farhat Italmazow, Alybek Abdyrahmanow, Begli Meredow ýaly tejribeli futbolçylar, başynda-da Aly Gurbany ýaly köp topary aýaga galdyran tälimçsi bolan toparyň aňsat-aňsat ýeňiljekdigine ynanmak kyn. Üstesine-de, utulyp-utulyp, bäşinji orna çenli gelen «Energetigiň» ýene bir şowsuzlygy bu eýeleýän ornuna hem howp salyp biler. Bassyr dördünji çempionlygy maksat edinen «Altyn asyry» bolsa diňe ýeňiş kanagatlandyrýar. Möwsümiň ozalky iki duşuşygynda-ha «Altyn asyr» «Energetigi» 2 gol tapawudy bilen utdy. Göreliň, bu gezek nähili bolarka?!

 

«Şagadam» — «Merw»

18:15, «Şagadam» stadiony.

Birinji aýlawda: 2-1

Ikinji aýlawda: 3-2.

 

Tapgyrda «Balkanyň» dynç alýanlygy üçin, «Şagadama» üçünji orna geçmäge mümkinçilik bar, ýöne diňe ýeňiş bilen. «Merw» — garaşylmadyk ýeňişleriň topary. Ol käte «Altyn asyry», käte «Aşgabady» hem utuberýär. Ýaryş tertibinde ýedinji orunda barýandygyna garamazdan, hemişe-de islendik garşydaşyny derledip bilýän topar. Şonuň üçin hem A.Klimenko bilen R.Gurbanmämmedowyň şägirtleriniň işi ýetik. Deňlik toparlaryň häzirki eýeleýän orunlaryna uly bir howp salmaýan-da bolsa, utulyş, aýratyn hem «Merw» üçin howply. «Merwden» 5 utuk az toplap, sekizinji basgançakda gelýän «Köpetdag» heran-haçan ýakynlaşyp biler. Dördünji orundaky «Şagadam» bolsa bäşinji orundaky «Energetikden» 9 utuk öňde. Ýöne ýeňiş «Şagadamy» üçünji orna çykaryp, «Merwi» altynjy orna ýakynlaşdyryp biler. Toparlaryň arasynda şu ýyl geçirilen iki duşuşykda hem bir gol tapawudy bilen «kenarlylar» ýeňiş gazandy.

 

«Köpetdag» — «Aşgabat»

19:30, «Köpetdag» stadiony.

Birinji aýlawda: 2-0

Ikinji aýlawda: 1-1.

 

«Aşgabat» «Köpetdagyň» şu ýyl rüstem toparlarynyň biri. Şeýle-de bolsa, üçünji aýlawda geçiren ilkinji duşuşygynda-da utulan paýtagtyň adybir topary üçin indiki utulyş has howply. Muny biz «Şagadam» — «Merw» duşuşygy baradaky ýokarky bölümde hem syzdyrypdyk. Utulyşyň howply bolşy ýaly, ýeňiş hem ýakymly. Çünki Amangylyç Koçumowyň şägirtleri ýeňen ýagdaýynda bäşinji orna ýakynlaşmaga mümkinçilik tapyp bilerler. Çünki «Aşgabatdan» dört utuk tapawudy bilen bäşinji orunda barýan «Energetik» bu gezek «Altyn asyry» kabul edýär. «Altyn asyr» bilen duşuşmak ýeňilmek diýmek däl, ýöne utjakdygyňa bolan ynam hem juda inçe.

 

«Balkan» — dynç güni.

Bu dynç alyş Amanmyrat Meredowyň şägirtlerini ýaryş tertibinde dördünji orna düşürip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň