Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017: 20-nji tapgyryň hasaplamalary

16:4713.08.2017
0
870

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

12 gol: Tapgyrda derwezelere 12 gol geçirildi. Bu bolsa, ortaça, her duşuşyga 3 goldan düşýär. Ýeri gelende aýtsak, şu möwsümde 7 duşuşyk 12 gol bilen tamamlandy. Bu bolsa iň ýokary görkezijidir.

77 futbolçy, 207 gol: Şu tapgyrdan soň, möwsümde jemi 77 futbolçy 207 gol geçirdi. Bu bolsa her tapgyra, ortaça, 10,35 goldan, her futbolça 2,68 goldan düşýär.

Bir möwsümde iki toparda: Hoşgeldi Hojowow bilen Selim Nurmyradow şu ýyl bir möwsümde iki toparda tapawutlanan ilkinji futbolçylardyr.

«Merw» — «Köpetdag» — 0:0

Birinji aýlawda: 4:1

Ikinji aýlawda: 0:0

Jemi:4:1.

Iki onlugy dolduran 7-nji topar: Şu duşuşykdan soň, utugyny 20-ä çykaran «Merw» möwsümde 20 we ondan kän utuk toplan 7-nji topar boldy.

Ikisi-de şol bir topar bilen: «Merwiň» şu ýyl çempionatda iki deňligi bar. Ikisi hem «Köpetdag» bilen bolan oýunda gazanyldy.

Diňe Ýagmyrow: «Merwden» Guwanç Ýagmyrow şu ýylky «Merw» — «Köpetdag» duşuşyklarynda 2 gezek tapawutlanan ýeke-täk futbolçydyr.

«Şagadam» — «Ahal» — 1:1

Gollar:

1:0. Annasähet Annasähedow

1:1, Hoşgeldi Hojowow.

Birinji aýlawda: 4:0

Ikinji aýlawda: 0:1

Jemi: 5:2.

Annasähedowyň aýagy düşdi: Üçünji aýlawdan «Şagadamda» çykyş edip başlan, şu duşuşykdan dört gün öň Kubok duşuşygynda-da ilkinji bolup tapawutlanan Annasähet Annasähedow 25-nji Milli çempionatymyzda hem ilkinji goluny geçirdi.

Myhmançylykda 20 gol: Şu duşuşykdan soň, «Ahal» möwsümde diňe myhmançylykda 20 gol geçiren ilkinji topar boldy.

«Turan» — «Energetik» — 2:1.

1:0, Yhlas Atajanow

2:0, Meýlis Rizaýew (ö.d.)

2:1, Yhlas Pälwanow.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 0:4

Jemi: 2:6

Ilkinji ýeňiş: Möwsümde gazanan ilkinji ýeňşinden soň, «Turan» utugyny 4-e çykardy.

Diňe duşuşykda däl: Bu gol Yhlas Atajanowyň Ýokary ligada hem ilkinji goludyr.

Yhlasy ýerine düşdi: Diňe Yhlaslaryň tapawutlanan duşuşygynda «Energetikden» Yhlas Pälwanow hem möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Şowsuzam bolsa ýubileý oýun: Bu duşuşyk «Energetigiň» Ýokary ligadaky 90-njy duşuşygydyr.

Abylow — iň gowusy: Guwanç Abylow («Energetik») şu ýylky «Turan» — «Energetik» duşuşyklarynda üç gezek tapawutlandy.

«Altyn asyr» — «Balkan» — 5:2.

Gollar:

1:0, Altymyrat Annadurdyýew

2:0, Selim Nurmyradow

3:0, Myrat Ýagşyýew

3:1, Hemra Amanmämmedow

3:2, Zafar Babajanow (ö.d.)

4:2, Arslanmyrat Amanow (11 m.j.u.)

5:2, Myrat Ýagşyýew.

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 1:1

Jemi: 7:3.

«Altyn asyr» ýene-de ikinji orunda: Bu ýeňişden soň, utugyny 36-a çykaran «Altyn asyr» ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna geçdi.

Öňdebaryjy bilen ara ýygrylýar: «Altyn asyr» tapgyrda «Şagadam» bilen deňme-deň oýnan «Ahal» bilen arany 5 utuga çenli ýygyrdy. «Aragatnaşykçylaryň» bir oýnunyň azdygyny hem ýatlatmak isleýäris.

Ýagşyýew arany açýar: Duşuşykda iki gezek tapawutlanan Myrat Ýagşyýew möwsümdäki gollarynyň sanyny 14-e çykardy. Indi ol bombardirlik ýaryşyndaky iň ýakyn bäsdeşi Yhlas Magtymowdan 3 gol öňde.

Öz meýdanynda 20 gol: Şu duşuşykdan soň, «Altyn asyr» möwsümde öz meýdanynda 20 gol geçiren ikinji topar boldy.

Balkana goşa «jerime»: Arslanmyrat Amanow «Altyn asyr» bilen «Balkanyň» soňky 2 duşuşygynda-da 11 metrlik jerime urgusyny peýdalanyp, ikisinem dürs ýerine ýetirdi.

Ýagşyýewden het-trik: Myrat Ýagşyýew şu ýylky «Altyn asyr» — «Balkan» duşuşyklarynda 3 gezek tapawutlandy.

«Aşgabat» — dynç güni.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň