Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017, 20-nji tapgyr: «Turan» möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy

15:1813.08.2017
0
6818

12-nji awgustda Türkmenistanyň Futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 20-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. «Merw» bilen «Köpetdagyň», «Ahal» bilen bolsa «Şagadamyň» deňme-deňlikde oýnamagy, «Turanyň» şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazanmagy, «Altyn asyr» — «Balkan» duşuşygynyň möwsümdäki iň kän pökgi geçirilen oýun bolmagy şu tapgyryň esasy aýratynlyklarydyr. Paýtagtymyzyň adybir futbol toparynyň dynç alan tapgyrynda dört duşuşyk geçirilip, şolaryň ikisi ýer eýeleriniň ýeňşi, galan ikisi hem deňlik bilen tamamlandy. Derwezelere jemi 12 pökgi girdi.

Goňşular ylalaşdy

«Merw» — «Köpetdag» — 0:0

Birinji aýlawda: 4:1

Ikinji aýlawda: 0:0

Ýaryş tertibinde ýedinji hem sekizinji orunlardaky «Merwdir» «Köperdagyň» arasyndaky duşuşyk ýene-de derwezelere pökgi geçirilmesiz tamamlandy. Iki toparyň arasynda ikinji aýlawda geçirilen duşuşyk hem edil şeýle ýagdaýda — 0:0 hasabyndaky deňlikde tamamlanypdy.  Bu gezekki deňlik toparlaryň hersine bir utuk beren hem bolsa ýaryş tertibinde üýtgeşme bolmady. Elbetde, «Merw» utuklaryny altynjy orundaky «Aşgabat» bilen deňledi, ýöne paýtagtyň adybir toparynyň oýun sanynyň azdygy üçin, ol altynjy orunda galýar.

Gollaram 1, utuklaram

«Şagadam» — «Ahal» — 1:1

Gollar:

1:0. Annasähet Annasähedow

1:1, Hoşgeldi Hojowow.

Birinji aýlawda: 4:0

Ikinji aýlawda: 0:1

Üçünji aýlawdan başlap, «Şagadamyň» düzüminde çykyş edýän tejribeli ýarymgoragçy Annasähet Annasähedow täze toparynda eýýäm janköýerleriň söýgüsini gazanmaga ýetişdi. Şu duşuşykdan dört gün öň Kubok ýaryşynyň çärýek finalynyň «Köpetdag» bilen bolan jogap duşuşygynda-da toparynyň ilkinji pökgüsini geçiren ýarym goragçy bu gezegem ilkinji bolup tapawutlandy. Ýöne ýer eýeleri bu artykmaçlygy uzak saklap bilmediler. Üçünji aýlawdan «Ahalyň» düzüminde çykyş edip başlan goragçy Hoşgeldi Hojowow hasaby deňledi. Duşuşykda şondan soň hasaby artdyrmak toparlaryň hiç birine-de eýgertmedi. Deňlik toparlaryň ýaryş tertibinde eýeleýän ornuna hem täsirini ýetirmedi.

360 piriň patasy bilen

«Turan» — «Energetik» — 2:1.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 4:0

1:0, Yhlas Atajanow

2:0, Meýlis Rizaýew (ö.d.)

2:1, Yhlas Pälwanow.

Ine-de, çempionatyň 20-nji tapgyrynda «Turan» ilkinji ýeňşini gazandy. Onda-da garşydaş möwsümiň iň güýçli toparlarynyň biri hasaplanylýan «Energetikkä». Yhlas Atajanowyň geçiren ilkinji goly ýer eýeleriniň ilkinji ýeňşiniň buşlukçysy bolup geldi. Dartgynly pursatlaryň birinde Meýlis Rizaýewiň öz derwezesine pökgi geçirmegi bilen, hasap 2:0-a çykdy. Duşuşyga gatnaşan janköýerleriň aýtmagyna görä, 100 minutdanam gowrak dowam eden duşuşykda «Energetik» Yhlas Pälwanowyň goly bilen diňe ýekeje jogap berip bildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtleri üçünji aýlawyň iki duşuşygynda-da şol bir hasap bilen ýeňildiler.

Çempionlyga 5 golly hüjüm

«Altyn asyr» — «Balkan» — 5:2.

Gollar:

1:0, Altymyrat Annadurdyýew

2:0, Selim Nurmyradow

3:0, Myrat Ýagşyýew

3:1, Hemra Amanmämmedow

3:2, Zafar Babajanow (ö.d.)

4:2, Arslanmyrat Amanow (11 m.j.u.)

5:2, Myrat Ýagşyýew.

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 1:1

Şu duşuşykdan ozal ýaryş tertibiniň üçünji ornuna çenli düşüp, çempionlyk ýaryşyndan barha uzaklaşan «Altyn asyr» bu gezek geçen möwsümlerdäki oýnuny ýatlatdy ýa-da başgaça aýtsak, «aragatnaşykçylar» özüne gaýdyp geldi. Birinji ýarymy 5 gol bilen tamamlanan duşuşykda şol gollaryň 3-si aragatnaşykçylara degişli. Ilki Altymyrat Annadurdyýewiň, Selim Nurmyradowyň we Myrat Ýagşyýewiň gollary bilen 3:0 hasabynda öňe saýlanan «aragatnaşykçylar» Hemra Amanmämmedowyň owadan goluna we garma-gürmelikde Zafar Babajanowyň öz derwezesine geçiren goluna çäre tapyp bilmediler. Dogry, Zafaryň goluny milli ýygyndymyzyň derwezeçisi Mämmet Orazmuhammedow tutdy, ýöne tutmaly ýerinde däl-de, derwezäniň gol çyzygynyň içinde. Bu bolsa duşuşygyň gapdan emininiň gözünden sypmady.

Ikinji ýarymda Altymyrat Annadurdyýewiň derwezeçi Alik Haýdarowdan geçirip, derwezä uran pökgüsini Mekan Saparow birbada gaýtardy, ýöne ondan gaýdan top derwezäni goraýan beýleki bir goragçynyň eline degdi. Eminiň «Balkanyň» derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyny Arslanmyrat Amanow dürs ýerine ýetirip, hasaby 4:2-ä ýetirdi. Duşuşygyň ykbalyny Myrat Ýagşyýewiň owadan goly kesgitledi. Şeýlelikde, edil geçen ýylyň üçünji aýlawynda bolşy ýaly, bu ýyl hem «aragatnaşykçylar» çempionlyk ugrunda esasy bäsdeşleriniň biri bolan «Balkany» 5 gol bilen ýeňlişe sezewar etdiler. Bir tapawut geçen ýylky duşuşyk 5:0 hasaby bilen tamamlanypdy, bu ýyl bolsa 5:2.

Iň esasy aýtmaly zat, bu ýeňişden soň «Altyn asyryň» ýene-de ikinji orna geçenligidir we «Ahal» bilen ozalky 7 utuklyk arany 5 utuga çenli ýygranlygydyr.

«Aşgabat» — dynç güni.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň şägirtleri dynç aldy, ýöne olaryň dynç alşyny eýeleýän ornuna dalaş edýän «Merw» bozup bilmedi. Indiki tapgyrda «Köpetdag» bilen duşuşjak «Aşgabat» ýaryşy altynjy orundan dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň