Ýokary liga — 2017: 20-nji tapgyryň duşuşyklaryna syn

19:1611.08.2017
0
314
Ýokary liga — 2017: 20-nji tapgyryň duşuşyklaryna syn

«Merw» — «Köpetdag»

18:00, Mary ş. «Energetik» stadiony

Birinji aýlawda: 4:1

Ikinji aýlawda: 0:0

Geçen tapgyrda paýtagtyň adybir toparyny ýeňip ruhlanan we ýaryş tertibinde altynjy orna ýakynlaşan «Merw» bu gezek öz janköýerleriniň öňünde «Köpetdagy» kabul edýär. Birinji aýlawda myhmanlaryny uly hasap bilen ýeňen «Merw» Aşgabatda ikinji aýlawda geçen duşuşykda golsuz deňlige razy boldy. Ýöne bu gezek «Aşgabadyň» yzyndan ýetjek, «Köpetdag» bilen 5 utuklyk arany 8 utuga çenli ýetirjek «Merw» üçin diňe ýeňiş gerek. Elbetde, ol ýene bir möwsümi sekizinji orunda tamamlamazlyk üçin «Köpetdaga-da» zerur.

Duşuşykda «Merw» «Köpetdagyň» derwezesine azyndan bir gol geçirip bilse, onda topar şu möwsümde garşydaş derwelere 20 gol geçiren altynjy topar bolar.

Duşuşyk «Merwiň» peýdasyna tamamlansa, onda ýer eýeleri Ýokary ligada 1100 utuk gazanan ikinji topar bolar.

«Şagadam» — «Ahal»

18:00, Türkmenbaşy ş. «Şagadam» stadiony

Birinji aýlawda: 4:0

Ikinji aýlawda: 0:1

Hemme zat şondan soň başlandy. «Şagadam» bilen «Ahal» iň soňky gezek Türkmenbaşyda duşuşandan soň, «Ahal» çempionatda bir gezegem utulmady. Şol duşuşykdan soň, «Şagadamyň» ýeňişli tapgyry başlady. Göreliň, bu gezekki netije toparlaryň soňky oýnuna nähili täsir ederkä?

Netije «Ahal» üçinem ähmiýetlidir welin, ýene-de ýeňiş gazanyp bilse, «Şagadama» ikinji orna çykmaga mümkinçilik bar. Ýaryş tertibinde 2-3-4-nji orunlardaky toparlaryň arasynda bary-ýogy bir utuklyk tapawut bar. Tapgyrda «Altyn asyr» bilen «Balkanyň» duşuşýandygynam ýatdan çykarmaly däl. Ýene bir unutmaly däl zatlarymyzyň birem geçen gezekki 4:0-lyk utulyşdan soň, asla utulyp görmedik «Ahalyň» «Şagadama» garşydaş bolýanlygydyr. Kimiň utjagyny çaklamak kyn, bir zat welin anyk: gyzykly oýun bolar.

Duşuşykda Wahyt Orazsähedow tapawutlanyp bilse, bu onuň şu möwsümde Ýokary ligadaky 10-njy goly bolar.

Duşuşykda «Ahalyň» futbolçylary ýer eýeleriniň derwezesine ýekeje gol geçirip bilse, onda Röwşen Meredowyň şägirtleri möwsümde myhmançylykda 20 gol geçiren ilkinji topar bolar.

Şu duşuşykda tapawutlanyp bilse, Myrat Annaýew 2013-nji ýyldan bäri «Ahalyň» düzüminde 20 gol geçiren dördünji futbolçy bolar.

«Turan» — «Energetik»

18:00, Daşoguz ş. «Garaşsyzlyk» stadiony

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 4:0

Umuman, «Turany» öz öýünde ýeňmek «Energetige» hemişe kyn. Ilkinji dörtlükden has daşlaşan Aly Gurbanynyň şägirtleri bäşinji orny «Aşgabada» ýa welaýatdaşlaryna gidirmejek bolsa, diňe ýeňmeli.

Topara gaýtadan dolanyp gelen tejribeli Hamza Allamow şu duşuşykda tapawutlanyp bilse, «Turanyň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri 10 gol geçiren birinji futbolçy bolar

Şu duşuşyk «Energetigiň» Ýokary ligadaky 90-njy duşuşygydyr.

«Altyn asyr» — «Balkan»

19:30,  Aşgabat ş. «Köpetdag» stadiony.

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 2:0

Gürrüňsiz, tapgyryň duşuşygy. Şol bir wagtyň özünde-de ikinji orun ugrundaky ýiti göreş. Häzirki liderden 7 utuk yza galan çempion adyny goramak üçin hökman ýeňmeli. Kubogyň çärýek finalynda «Ahaldan» ýeňlip, ahmyrly galan «Balkan» üçin hem ýene-de geljekki ýyl AFK-a gatnaşmaga çempionat iň soňky mümkinçilik. Göreliň, paýtagtyň awgust agşamyny haýsy toparyň janköýerleriniň şowhuny ýaňlandyrarka?

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň