Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet goşunlarynyň serkerdelerini we şahsy düzümini Serhet gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy bilen gutlady

11:1411.08.2017
0
6980

Watanymyzyň dost- doganlyk araçäkleriniň ygtybarly goragyny we mizemezligini üpjün etmekde siziň jogapkärli borjuňyzy hemişe üstünlikl ýerine ýetirjekdigiňize, Watana we harby kasama wepalylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize berk ynanýaryn,--diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet serhet gullugynyň serkerdelerine, harby talyplaryna we şahsy düzümine iberen gutlagynda aýdylýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny Bitaraplyk ýörelgesine laýyk üstünlikli alyp barýar. Şonuň bilen birlikde, özbaşdak döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy esasynda ýurdumyzyň ýokary goranyş kuwwatyny saklamak, goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzda harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Serhet goşunlary çärýek asyrda kämillik ýoluny geçdi.

Biziň sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga we ynsanperwerlige esaslanýan içeri we daşary syýasatymyzy Serhet goşunlarynyň hatarlarynda gulluk edýän her bir esgere düşündirmek her bir serkerdäniň borjydyr.

Tiz wagtda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler, siziň öňüňizde örän jogapkärli wezipeler durýar. Siziň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza, bu halkara sport oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn,-- diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Serhet institutynda Serhet goşunlarynyň öňünde goýlan örän möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmäge ukyply, ýokary söweşjeň taýýarlykly serkerdeler taýýarlanylýar.

Bu ýokary harby okuw mekdebinde bilim we hünär alan ussat hünärmen serkerdeler dost-doganlyk serhedimizi ygtybarly goramagyň usullaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp, döwrebap, kämil tehnikalary we enjamlary başarjaňlyk bilen dolandyryp, Döwlet serhedimiziň ygtybarly we mizemez goragyny üpjün edýärler.

Siziň alyp barýan jogapkärli gullugyňyz ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, Watan serhediniň goragçylaryna döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär.

Serhetçileriň göwnejaý gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap şertlerde ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Täze, döwrebap serhet berkitmeleriniň, serhet galalarynyň, harbu gullukçylar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki gulluk hem-de durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, iň kämil, öňdebaryjy harby tehnikalaryň, enjamlaryň yzygiderli satyn alynmagy mundan beýläk-de dowam etdiriler.

Eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, ýurdumyzyň serhetleriniň hemişe dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň serhetleri bolup galmagy ugrunda siziň her biriňiziň bilimiňizi, ukyp-başarnygyňyzy, gujur-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmek üçin, zerur bolsa, şirin janyňyzy hem aýamajakdygyňyza berk ynanýaryn,--diýlip, Türkmen döwletiniň baştutanynyň gutlagynda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň