Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy

10:3311.08.2017
0
830
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynda we guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça degişli maksatnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe, salgyt-býujet, pul-karzlaşdyrma ugurlarynda, daşary ykdysady we baha syýasatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hödürlenen Kararyň taslamasyna gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pudagara bäsleşik toparynyň işini we bu ugurda öňde durýan işleriň öz wagtynda we degişli derejede ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit we gaz himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga niýetlenen, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi wise-premýerden talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bu möhüm ulgamda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak barada ozal berlen tabşyryklaryň göwnejaý ýerine ýetirilmeýändigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, hojalygy özgertmek, dänäniň, pagtanyň we beýleki strategiki ähmiýetli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ulgamynda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň hem-de tagallalary utgaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginde Senagat ministrligine degişli ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Iri panelli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 30-syny gurmak meýilleşdirilýär. Olar 16 we 32 öýli jaýlardan, alty sany iki gatly söwda dükanlaryndan we 160 orunlyk çagalar bagyndan ybarat bolar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň meseleleri barada aýtmak bilen, binagärlere we taslamaçylara, aýratyn-da, ýaşaýş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna ygtybarlylyk, desgalaryň häsiýetli aýratynlygy we binagärlik keşbiniň özboluşlylygy babatda möhüm talaplaryň bildirilýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk, energetika toplumlarynyň, jemagat hojalygy pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň gurluşygy alnyp barylýan desgalary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak, paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň taslamasy boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şäheriň degişli ulgamlarynyň bökdençsiz hereketini, jemagat hojalygy gulluklarynyň utgaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň kesgitlenendigini aýdyp, wise-premýere bu babatda degişli taslamalary taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň bu düzümleriň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz söwda ulgamynda innowasion tehnologiýalary hem-de dünýäniň oňyn tejribesini ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ugurdaky işleriň has-da ilerlemegi üçin ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň hem ony netijeli işlemäge höweslendirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, tehniki parkynyň üstüni ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin wajyp pudaklaryň biri hasaplanýan ulag ulgamynyň işini döwrüň bildirýän ýokary talaplarynyň derejesinde guramak, ulaglary netijeli ulanmak barada ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz yklymyň üstaşyr ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň Ýewraziýa ugurlary boýunça gatnaşyklary üpjün etmekde ýurdumyzyň milli ulag serişdelerini bähbitli ulanmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli düzümlerini sazlaşykly döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, olaryň ýokary dünýä ülňülerine laýyk hereket etmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň hünärmenleriniň we işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, wise-premýere ýurdumyzyň hemra aragatnaşygynyň ähli ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň altynjy mejlisini 14-nji awgustda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasyndy guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýdyp, hökümetara tükmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu mejlis anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň demokratik hukuk dünýewi döwleti gurmak boýunça işi üstünlikli dowam etdirmek, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň has wajyp ulgamlarynyň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, deputatlaryň ýerlerde has netijeli işlemeginiň wajypdygy bellenildi.

Milli Liderimiz Ýaşulular maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuna ünsi çekip, forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyny, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegine taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, wise-premýer bilim ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy geçirmek baradaky meselä degip geçip, däbe öwrülen bu çäräniň oňyn netijeleri berýändigini, ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň ep-esli azalmagyna, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam edendigini, munuň jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halkara ynsanperwe we ösüş uniwersiteti bilen Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalyşy baradaky Ähtnamanyň hödürlenen taslamasyny makullap, wise-premýere daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ýapon hyzmatdaşlary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça birnäge anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aziada-2017 mynasybetli dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny beýan etmelidir, döwletimiziň dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmäge ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere yklymlaýyn sport ýaryşlary mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew gözegçilik edýän düzümlerinde, ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň ähli görnüşlerini alamatlandyrýan şekilleriň nusgalarynyň taýýarlanýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň 25 ýyllygy, Serhetçiler güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Aziýa oýunlarynyň görnüşlerini aňladýan şekilleriň nusgalaryny umuman oňlady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygynyň goragynda durýan merdana serhetçileri ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykarandygy barada habar berildi we olaryň nusgalary görkezildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň