Alymlar gara mallaryň netijeli tohumlaryny döretmek ugrunda iş alyp barýarlar

10:3410.08.2017
0
6429

Mälim bolşy ýaly, maldarçylyk we guşçylyk toplumlaynyň birnäçesi bir ýyldan gowrak mundan ozal Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna berildi. Oba we suw hojalygy ministrliginiň döwlete degişli pudagynda dowardarçylyk we düýedarçylyk pudaklary bar. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň hünärmenleri zootehniklere, maldarlara, maldarçylyk toplumlarynyň we fermalarynyň eýeleri bolan telekeçilere ýardam berýärler. Alymlar ýerlerdäki hojalyklara baryp, malalryň tohumçylk işi, sanjym edilişi we saklanylyşy barada maslahatlar berýälr. 

Institytda ýurdumyzda sygyrlaryň golştin, monbelýard we beýleki Ýewropa tohumlarynyň görnüşleriniň köpeldilýänligini habar berdiler. Şonuň bilen birlikde sebitimiz üçin gara mallaryň geljegi uly bolan garyşyk tohumyny-Kuba zebusyny ýetişdirmek boýunça köpýyllyk tejribeler dowam edýär. 500 başdan ybarat tejribe sürüsi Serhetabat etrabynyň „Galaýmor' we „Ýeňiş“ hojalyklarynyň öri meýdanlarynda bakylýar. 

Az süýt berse-de, zebu görnüşli mallar yssy we sowuk howa şertlerine uýgunlaşmaga ukyplydyr, iýmit dannamaýarlar, her hili kesellere durnuklydyr. Olar baldagy gaty ösümlikler we pagtany gaýtadan işleýän senagat önümçiligniň galyndylary bilen iýmitlenýärler, köp et berýän täze tohumlary döretmek üçin genetik material bolup durýar. 

Ýylboýy öri meýdanlarynda bakylýan zebu görnüşli tohum mallar ýurdumyzda sygyr etiniň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň