Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemleri we “Aşgabat 2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk göçme mejlisiň gün tertibine girizildi

01:2210.08.2017
0
2908

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemlerine, “Aşgabat 2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk, 17-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasyna degişli meseleler girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, Bakuwda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň üstünlikli we netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Goňşy ýurda amala aşyrylan resmi sapar dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilikleri, şeýle hem iki halky birleşdirýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyň bu hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirendigini aýtdy.

Giňişleýin göçme mejlisiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly Prezidentimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hem-de söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegine degişli sowallar bilen ýüzlendiler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan energetika döwletleri hökmünde öňdäki orunlary eýelemek bilen, Hazarýaka giňişliginiň Ýewraziýada durnuklylygyň, ösüşiň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygynyň çägine öwürmek ugrunda çykyş edýärler. Energetika bolsa örän uly orny eýeleýär—munuň özi ykdysadyýetde hem, howpsuzlykda hem, ekologiýada hem, şeýle-de durmuş ugrunda, diplomatiýada hem şeýledir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileri gazanýar. Muňa ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň yzygiderli artýandygy hem şaýatlyk edýär, 7 aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,4 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň öndürýän harytlary we önümleri dünýä ykrarnamasyna hem-de halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýär, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, esasan-da, goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 40 göterim ýokary boldy. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijelidiginiň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen gawunynyň gününiň 17-nji awgusta geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi baradaky sowala jogap bermek bilen döwlet Baştutanymyz baýramçylyk däp-dessurlarynyň milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, asylly däbe görä, biziň ýurdumyzda islendik baýramçylykda myhmanlaryň milli süýji tagamlar bilen garşylanýandygyny nazara almak bilen, bu munuň abadançylyk hem-de ösüş baradaky hoşniýetli arzuw-islegleriniň alamatydyr diýip düşündirdi. Gawun bolsa örän islegli süýji nygmatdyr.

Hut şonuň üçin biz bakja ekininiň soltanynyň baýramçylygyny “Aşgabat 2017” oýunlarynyň badalga almagyna 30 günüň galmagy mynasybetli dabaralar bilen utgaşdyrmak kararyna geldik. Türkmen gawunynyň gününiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli beýleki çäreler we seneler bilen utgaşdyrylmagy abadançylygyň alamaty hökmünde olaryň ähmiýetini artdyrar.

Oýunlaryň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralýan çäreleri bu baýram bilen utgaşdyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi pederlerimiziň şöhratly däplerine ygrarlydygymyzyň nobatdaky subutnamasydyr. Şol gün türkmen milli tagamlarynyň we V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan 64 döwletiň milli tagamlarynyň halkara sergisiniň, gala-konsertiň guralmagy ýurdumyzyň öňde boljak iri sport çäresine taýýardygyny görkezýär.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň guralmagyna dahylly ähli düzümleriň işleriniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz 17-nji awgustda durmuş maksatly täze binalaryň, şeýle hem nebitgaz toplumynyň desgalarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezini ulanmaga bermek dabaralarynyň, Türkmen gawunynyň sergisiniň, “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň tagamlarynyň halkara sergisiniň, gala konsertiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem şol gün ekologiýa babatda möhüm ähmiýeti bolan çäräniň meýilleşdirilendigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara bu çäräniň mynasyp derejesini üpjün etmek baradaky anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň