Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjan respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň esasy mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

00:3610.08.2017
0
4319

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Milli mejlisinde duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de azerbaýjan parlamentiniň ýolbaşçysy geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Oktaý Asadow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýandygyna şatdygyny aýdyp, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ösüşinde Türkmenistanyň uly üstünlikleri hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan belent abraý gazanandygyny belledi. Azerbaýjanyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy bu saparyň ähmiýetini belläp, düýn geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jeminiň biziň ýurtlarymyzyň arasynda deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli esasda guralýan giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda belent mertebeli türkmen myhmany Azerbaýjan Respublikasynda kanunçykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan Milli mejlisiň gurluşy bilen tanyşdyryldy.

Respublikanyň milli parlamentiniň düzümine wekiller mažoritar saýlaw ulgamynyň we erkin, şahsy hem-de gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlawlaryň esasynda saýlanylýar. Milli mejlis bir palataly parlament bolup, 125 deputatdan ybaratdyr. Olaryň ygtyýarlyklary Milli ýygnagy çagyrmagyň ygtyýarlyklarynyň möhleti bilen çäklenýär. Parlamentiň häzirki düzümi 2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda saýlanyp, onuň düzümine “Täze Azerbaýjan” partiýasy, Raýat raýdaşlygy partiýasy, Watan partiýasy, şeýle hem partiýalara degişli bolmadyk wekiller girýär.

Halkara hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, Milli mejlis Parlamentara bileleşigiň köpugurly we sebit halkara parlament guramalarynyň birnäçesiniň, Ýewropa Birleşiginiň Parlament assambleýasynyň, ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň, Gara deňiz ykdysady hyzmatdaşlygynyň Parlament assambleýasynyň, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Parlamentara assambleýasynyň, Yslam konferensiýasy guramasynyň Parlament assambleýasynyň agzasy, türki dilli ýurtlaryň Parlament assambleýasynyň, NATO-nyň Parlament assambleýasynyň assosiatiw agzasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Oktaý Asadowa minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyga şatdygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz gazanylan ylalaşyklaryň jemleri boýunça dürli ugurlarda resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini aýdyp, munuň iki goňşy halky asyrlaryň dowamynda baglanyşdyran gadymy dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini aýdyň görkezýändigini belledi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda çözülmedik mesele ýok. Türkmenistan we Azerbaýjan häzirki döwrüň meselelerini diňe diplomatik ýollar arkaly, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň çäklerinde çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli Liderimiz Milli mejlisiň ýolbaşçysyna hem-de duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk azerbaýjan halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Oktaý Asadow iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da netijeli boljakdygyna ynam bildirip, Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde ýardam etmäge taýýardygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň