Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

09:0209.08.2017
0
2636

Bakuda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Artur Rasizadeni kabul etdi.

Azerbaýjanyň hökümetiniň ýolbaşçysy milli Liderimizi mübärekläp, döwlet Baştutanymyzy ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň bu gezekki sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ýolunda nobatdaky wajyp tapgyr hökmünde baha berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Hökümetiniň baştutany ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga bolan çemeleşmeler, energetika we ulag-üstaşyr ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we beýlekiler barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, ylym, medeniýet, habarlar, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň premýer-ministrini 17-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň