Kubok — 2017: çärýek finalyň jogap duşuşyklary geçirildi

23:5708.08.2017
0
5572

8-nji awgustda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary boldy. Üçüsi Aşgabatda, biri Mary şäherinde geçirilen duşuşyklaryň diňe biri myhmanlaryň, galan üçüsi ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Dört duşuşykda derwezelere 15 pökgi geçirildi. Gollaryň sany Ýokary liganyň şu ýylky möwsüminde iň kän golly tapgyrda geçirilen pökgüleriň sanyna deňdir. Geçirilen iki duşuşygyň netijesinde «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal», Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr», Marynyň «Energetik» we Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparlary ýarym finala çykmagy başardy.

 

3 golam ýarym final üçin ýeterlik däl

«Ahal» — «Balkan» — 4:3 (iki duşuşygyň netijesi boýunça — 7:4)

Gollar:

0:1, Akmämmet Metdäýew

1:1, Myrat Annaýew

2:1, Orazberdi Myradow

3:1, Orazberdi Myradow

3:2, Nurtagan Mämmedalyýew

4:2, Güýçmyrat Annagulyýew

4:3, Aşyrgeldi Ylýasow (11 m.j.u.)

Edil Balkanabatda bolşy ýaly, «Ahaldyr» «Balkanyň» arasyndaky bu duşuşygam gollara baý boldy. Ýokarky maglumatdanam görşüňiz ýaly, «Balkan» ilki A.Metdäýewiň goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, «Ahal» ýene haýran galdyrmagyny dowam etdi. Sanlyja minudyň içinde mundan bir hepde ozal Balkanabatda alnan netijä deň görkeziji orta çykdy. Myrat Annaýewiň goly we Orazberdi Myradowyň dubly hasaby 3:1-e çykardy. Şeýle-de bolsa, «Balkan» göreşi dowam etdi. Hat-da, Nurtagan Mämmedalyýew arany bir pökgä çenli ýygyrdy. Emma Güýçmyrat Annagulyýewiň geçiren pöküsi ýene arany uzaklaşdyrdy. Mundan soň, «Balkan» hasaby diňe 4:3 edip bildi.

4 golly birinji we 7 golly ikinji duşuşykdan soňra, «Ahal» bir ýyl arakesmeden soňra, Kubok ýaryşynyň ýarym finalyna çykyp bildi. Geçen ýyl ýarym finala baran «Balkan» bolsa bu ýyl çärýek finalda ýaryş bilen hoşlaşmaly boldy.

Finalçylaryň duşuşygynyň ýeňijisi — «Altyn asyr»

«Altyn asyr» — «Aşgabat» — 2:1 (iki duşuşygyň netijesi boýunça — 3:1)

Gollar:

1:0, Boris Iwanow 39’ (ö.d.)

1:1, Nazar Baýramow 90’

2:1, Altymyrat Annadurdyýew 90+2’.

Geçen möwsümiň finalynda duşuşan toparlar bu ýyl biri-birine ilkinji garşydaş boldy. Myhmançylykda «Aşgabady» 1:0 hasaby bilen ýeňen «aragatnaşykçylar» jogap duşuşygyna hem üstünlikli başladylar. Birinji ýarymyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 6 minut galanda, Boris Iwanow pökgini öz derwezesinden geçirdi. Bu bolsa umumy netijede «Altyn asyry» 2:0 hasaby bilen öňe çykaryp, «aragatnyşykçylary» ýarym finala has ýakynlaşdyrdy. Janköýerler duşuşygyň soňky iki minudynda iki gola şaýat boldular. Emma hemme zat «Altyn asyryň» haýryna boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bassyr üçünji ýyl ýarym finalda.

Ýene geçen ýylky ssenariýa

«Energetik» — «Merw» 2:0 (iki duşuşygyň netijesi boýunça — 3:1)

Gollar:

1:0, Alybek Abdyrahmanow 8’

2:0, Selim Ataýew 45+1’.

Edil geçen ýyl bolşy ýaly, «Energetik» bu ýylam «Merwi» ýaryşdan çykardy. Tomusky arakesmeden soňra, bassyr iki duşuşykda ýeňlen Aly Gurbanynyň şägirtleri «gaharyny» ýene öz welaýatdaşlaryndan çykardylar. «Merwiň»

 Derwezesine birinji ýarymda geçirilen iki gol ýarym finala kimiň ýollanma alýandygyny hem kesgitledi.

Ýarym finala kenardan salam

«Köpetdag» — «Şagadam» — 0:3 (iki duşuşygyň netijesi boýunça 1:4)

Gollar:

0:1, Annasähet Annasähedow

0:2, Amir Gurbany

0:3, Begenç Annagurbanow.

Diýseň-diýmeseň, «Şagadam» ýene ösüşde. Çempionatyň üçünji aýlawyna Marydaky ýeňiş bilen girişen «kenarlylar» bu gezek hem «Köpetdagy» jogapsyz 3 pökgi bilen ýeňdiler. Gepi süýndürip oturmagyň hajaty ýok, «Şagadam» ýarym finalda.

"Ahal" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 44

Ýeňişler: 15

Deňlikler: 8

Utulyşlar: 21

Pökgüler: 57-72

"Şagadam" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 79

Ýeňişler: 33

Deňlikler: 15

Utulyşlar: 31

Pökgüler: 110-99

"Balkan" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 110

Ýeňişler: 59

Deňlikler: 14

Utulyşlar: 37

Pökgüler: 209-137

"Energetik" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 12

Ýeňişler: 6

Deňlikler: 3

Utulyşlar: 3

Pökgüler: 17-12

"Aşgabat" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 29

Ýeňişler: 10

Deňlikler: 4

Utulyşlar: 15

Pökgüler: 29-36

"Altyn Asyr" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 33

Ýeňişler: 17

Deňlikler: 10

Utulyşlar: 6

Pökgüler: 68-26

Täzeden dikeldilen "Köpetdag" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 12

Ýeňişler: 7

Deňlikler: 2

Utulyşlar: 3

Pökgüler: 16-12

"Merw" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 100

Ýeňişler: 46

Deňlikler: 20

Utulyşlar: 34

Pökgüler: 145-121

"Turan" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 65

Ýeňişler: 23

Deňlikler: 9

Utulyşlar: 33

Pökgüler: 84-105

Türkmenistanyň kubogy — 2017-de tapawutlanan futbolçylar

1. Röwşen Halmämmedow, «Köpetdag», 2 gol

2. Wahyt Orazsähedow, «Ahal», 2 gol
3. Myrat Annaýew, «Ahal», 2 gol
4. Orazberdi Myradow, «Ahal», 2 gol
5. Ibragim Ibragimow, «Turan», 1 gol
6. Ýazgylyç Gurbanow, «Köpetdag», 1 gol
7. Merdan Rejepbaýew, «Turan», 1 gol
8. Döwlet Döwletmyradow, «Köpetdag», 1 gol
9. Mekan Saparow, «Balkan», 1 gol
10. Myrat Ýagşyýew, «Altyn asyr», 1 gol
11. Begenç Allamow, «Merw», 1 gol
12 Guwanç Abylow, «Energetik», 1 gol
13 Baýramgeldi Nuryýew, «Köpetdag», 1 gol
14 Hydyr Ýakubow, «Şagadam», 1 gol.
15 Akmämmet Metdäýew, «Balkan», 1 gol
16 Nurtagan Mämmedalyýew, «Balkan», 1 gol
17 Güýçmyrat Annagulyýew, «Ahal», 1 gol
18 Aşyrgeldi Ylýasow, «Balkan», 1 gol
19 Nazar Baýramow, «Aşgabat», 1 gol
20 Altymyrat Annadurdyýew, «Altyn asyr», 1 gol
21 Alybek Abdyrahmanow, «Energetik», 1 gol
22 Selim Ataýew, «Energetik», 1 gol.
23 Annasähet Annasähedow, «Şagadam», 1 gol
24 Amir Gurbany, «Şagadam», 1 gol

25 Begenç Annagurbanow, «Şagadam», 1 gol.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň