Soňky habarlar

Arhiw

Bakuda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler başlandy

16:0408.08.2017
0
3030

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasynda Prezident Ilham Aliýewiň hem-de iki günüň resmi sapar bilen Bakuda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri başlandy.

Ýokary derejeli türkmen-azerbaýjan gepleşikleri iki lideriň ikiçäk duşuşygy bilen başlandy. Gepleşikleriň gün tertibine halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn söwdanyň meöberlerini artdyrmak, bilelikdäki energetika we ulag--üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem Hazar deňziniň meseleleri boýunça pikir alyşmak we medeni-ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit hem-de halkara meselelerine aýratyn üns bererler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge ýardam berýän ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň