Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

07:2008.08.2017
0
4967

7-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan iş maslahatynyň gün tertibine şäherleri we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, şeýle hem öňde boljak şanly senelere we “Aşgabat 2017”-niň oýunlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew, Ahal welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer O.Gurbannazarow we Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy.

Häkim sebiti ösdürmegiň esasy görkezijileri boýunça işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Täze okuw ýylyna we milli baýram - Türkmen gawunynyň gününe taýýarlyk barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim şu ýyl Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, welaýatda pagta ýygym möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagta çenli pagta ýygýan oba hojalyk tehnikasynyň doly taýýarlygynyň üpjün edilmändigini belläp, emele gelen ýagdaýy seljerip, olary düzetmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ähli agrotehniki çäreleri degişli derejede alyp barmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bu ugurda öňde durýan wezipeleriň esasylarynyň biridigini aýdyp, bu işleriň talaba laýyk ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer O.Gurbannazarowa we welaýatyň häkimine ýüzlenip, täze okuw ýylyna, gyş möwsümine taýýarlyk, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri çalt çözmek bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyny talap edip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we edermen daýhanlaryň, bakjaçylaryň zähmetine goýulýan ýokary hormatyň nyşany bolan Türkmen gawunynyň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow bilen welaýata gözegçilik edýän wise-premýer B.Annameredow çagyryldy.

Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabatyň çäklerinde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işler, şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça görülýän taýýarlyk çäreleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda oba hojalyk işleri üçin niýetlenilen tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeýändigini belläp, bu ugurda öz wagtynda çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, daýhanlaryň netijeli işlemegi, bu ugurda ýokary netijeleriň gazanylmagy we umuman, sebitiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna, gyş möwsümine we Türkmen gawunynyň gününe taýýarlyk görlüşiniň meseleleriniň üstünde durup geçip, bu ugurda işleriň guralyşyna toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşilmelidir.

Milli Liderimiz wise-premýer B.Annameredowa welaýatyň ösdürilmegine gönükdirilen oba hojalyk toplumynda hem-de beýleki ulgamlarda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim demirgazyk sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlanmagyna görülýän taýýarlyk işleri, tehnikalaryň sazlaşykly işiniň guralyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem öňde boljak şanly seneler, täze okuw ýyly mynasybetli ýörite maksatnama laýyklykda çäreleriň guralyşy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidiginiň zerurdygyna ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, bu ugra dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Milli Liderimiz bugdaý ekişinde we pagta ýygymynda ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň ähli görnüşleriniň taýýarlygynyň, olaryň netijeli işlemeginiň ähmiýetini belläp, şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze okuw ýylyna, gyş möwsümine we Türkmen gawunynyň gününe görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny görkezdi.

Milli Liderimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe welaýatda Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, aýratyn-da, Türkmen gawunynyň gününiň belent dabaralara beslenmegi, guralýan dabaralarda “Aşgabat 2017”-niň oýunlarynyň nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygy babatynda tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gawunyň ynsan saglygy üçin peýdasy barada aýdyp, ýurdumyzda bakjaçylygy ösdürmek boýunça wezipeleriň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Aýdogdyýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şanly seneler mynasybetli ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmen gawunynyň gününe bagyşlanan medeni maksatnama hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz oba hojalyk pudagynda möhüm hasaplanylýan bugdaý ekişi we pagta ýygymy möwsümleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, degişli tehnikany taýýarlamak işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy. Ekin meýdanlarynyň suw we mineral dökünler bilen üpjünçiligi meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, milli Liderimiz bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna, gyş möwsümine taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu ugurda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini, şol bir wagtyň özünde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmen gawunynyň güni barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň, aýratyn-da, daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda toplumlaýyn işleriň ýola goýulmalydygyny belledi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow hasabatyny ýerlerde alnyp barylýan işler, şol sanda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabatdan başlady. Şol bir wagtyň özünde iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamämmedow hem çagyryldy.

Welaýatyň häkimi Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak we täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy boýunça görülýän çäreler hakyndaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Döwlet Baştutanymyz möhüm möwsüm hasaplanylýan bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede guralmalydygyny tabşyrdy we tehnikalary möwsüme taýýarlamak işlerine aýratyn ünsi çekdi.

Welaýatda täze okuw ýylyna, gyş möwsümine, şeýle hem Türkmen gawunynyň gününe taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berip, milli Liderimiz bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini talap etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary D.Amangeldiýew bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy.

Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan çäreler, paýtagtymyzda alnyp barylýan dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň şäherde ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda täze okuw ýylyna, gyş möwsümine, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli desgalaryň açylyş dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýdyp, bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer D.Amangeldiýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, paýtagtymyzyň çäklerinde gök zolaklaryň döredilmegine, ekilýän bag nahallarynyň çäginiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy. Munuň özi şähere Garagum sährasyndan gelýän tozanly ýeliň öňüni almakda oňyn täsiri bardyr.

Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe 17-nji awgustda ulagsyz güni geçirmek boýunça meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýeti, hususan-da, onuň ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmekdäki oňyn täsiri barada ylmy taýdan esaslandyrylan çykyşlary guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi howa gurşawynyň ynsan saglygy üçin ýaramly derejesiniň ýola goýulmagynda has-da peýdalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, wise-premýer S.Toýlyýew we içeri işler ministri I.Mulikow çagyryldylar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynyň açylmagyna görülýän taýýarlyk hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň edara binasynyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň künjeklerinde dolandyryş-çäk ugruny kämilleşdirmek, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilmelidigini belledi. Munuň özi welaýatlaryň we etraplaryň çäk dolanyşygy boýunça işleri kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz “Ulagsyz güni” degişli derejede geçirmek, onda ýörite ulaglaryň sazlaşykly we bökdençsiz hereketini üpjün etmek, zerur gulluklaryň ulaglarynyň talaba laýyk hereketini ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Paýtagtymyzda degişli howa gurşawynyň kemala gelmeginde, ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýeti bolan bu çäräniň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz iş maslahatyna ýurdumyzyň bilim ministri P.Agamyradowy çagyrdy. Ministr häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, täze okuw ýylyna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýokary derejeli bilim bilen bir hatarda, ýaşlara we ösüp gelýän nesle edep-terbiýe bermek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini we bu ugurda taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz S.Toýlyýewe, I.Mulikowa we P.Agamyradowa ýüzlenip, geçen ýyl ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilendigine we onuň oňyn netije berendigini aýdyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyny geçirmek boýunça ýörite çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin çäreleriň degişli derejede guralmalydygyny ýene bir ýola belläp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň