Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin tomusky önümçilik tejribesi gurnaldy

00:4708.08.2017
0
6521

Innowasion okuwyň maksady-talyp ýaşlary hünär taýýarlygynyň özboluşlylygyna görä wajyp ylmy barlaglara çekmekdir. 

Soňky ýyllarda ýaşlar ylmy hereketi çalt depginlerde ösdürilýär, oňa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ählisi çekilendir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Ýaşlar guramasynyň bilelikdäki başlangyjy bilen geçiriliýän ýaş alymlaryň bäsleşigi indi asylly däbe öwrüldi. Ýylyň başynda döredilen Ýaş alymlar merkeziniň düzümine ýokary okuw mekdepleriniň we pudaklaryň düzümleri girdi. 

Innowasion bilim strategiýasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleri zehinli oglan-gyzlary lmy işlere çekmek üçin şertler döredip ugradylar. Şunda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri olaryň binýadynda gurnalan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň önümçilik tejribelerine ýaşlara ýakyndan ýardam berýärler. 

Tehnologiýalar merkeziniň Merkezi laboratoriýasynda gurnalan amaly sapaklar tapgyrynda talyplar innowasion enjamlaryň işleýiş aýratynlyklary, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işläp taýýarlamak, şeýle hem polimer serişdeleri almagyň özboluşlylygy bilen tanyşdylar. Ýaş hünärmenler Biotehnologiýalar laboratoriýasynyň synag barlaglaryna gatnaşdylar. 

Oguzhan adyndaky Inžener-tehnolgik uniwerstetiniň we D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplaryna daşary ýurt ylmy neşirlerini terjime etmek endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döredildi. 

Tomusky önümçilik tejribesi döwründe talyplar Tehnologiýalar merkeziniň ylmy-amalay maslahatlaryna, „tegelek stollaryň“ mejlislerine we beýleki çärelerine işjeň gatnaşdylar. 

Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini işläp taýýarlanakda we suwdan rejeli peýdalanmakda ylmy täzelikler giňden görkezilen Astanadaky „EKSPO- 2017“ –däki milli sergä bagyşlanyp diskussiýalar gurnaldy. 

Tomusky önümçilik tejribesiniň barşynda talyplar öz halypalarynyň- Tehnologiýalar merkeziniň tejribeli alymlarynyň we ýaş hünärmenleriniň gazanan üstünlikleri we geljegi uly ylmy barlaglary bilen tanyşdylar. Düýpli ylmy mekdebiň wekilleriniň we täzeçe pikirlenýän zehinli ýaşalryň bilelikdäki işleriniň möhüm ugurlary bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň