Soňky habarlar

Arhiw

Ekologiýa žurnalynyň täze sanynda tebigaty goramak meseleleri we gyzykly makalalar ýerleşdirilipdir

00:1008.08.2017
1
13430

„Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak“ atly çärýekde bir çykýan žurnalyň nobatdaky sany neşir edildi. Žurnal üç dilde—türkmen, iňlis we rus dillerinde tebigaty goramak çärelerini giňden beýan edýär, oňa bagyşlanan makalalar we täzelikler barada habarlar berlipdir. 

Wakalara berlen synlaryň arasynda Merkezi Aziýada Sebit ekologiýasy merkeziniň (MA SEM) ýardam bermeginde Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň gurnan „Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk üçin başlangyç“ forumyna bagyşlanan makala möhüm orun eýeleýär. 

Žurnalyň täze sanyndaky MA SEM-iň baştutany Iskander Andullaýewiň makalasynda bäş ugur: howa we energiýa netijelligi, suw babatda hyzmatdaşlyk, ekologiýa bilimi, tebigy miras,daşky gurşaw we adam saglygy ýaly ugurlar boýunça merkeziň 15 ýylda alyp baran işiniň jemi jemlenilýär. 

Makalalaryň biri Çöller, ösümlik we hýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärleriniň „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň Baş ugrunyň gündogar böleginiň landşaftynda geçiren ylmy barlaglaryna bagyşlanypdyr. Alymlar köp ýyllyk geoekologik kartlaşdyrma seljerme beripdirler, topragyň darmagynda dürli taraplardan ösýän şemallaryň täsiri barada maglumatlar düzüldi. Suwlylandyrylan meýdanlarda tokaý görnüşli biotoplumlaryň kemala gelenligi, arassalaýjy kölleriň töwereginde gamyşyň, ýekeniň, ýandagyň ep-esli boý alandygy bellige alnypdyr. Älem hemrasyndan alnan suratlar ulanylan işiň maglumatlarynyň esasynda öwrenilýän ýeriň landşaft kartasy düzüldi. 

Žurnalyň sahypalarynda Repetek döwlet biosfra goraghanasynyň biologik köpdürliligine syn berlipdir. Bu ýerde haýwant we ösümlikler dünýäsiniň wekilleriniň ençeme görnüşi bar. Ornitologlary hasabyna görä, oturymly, ötegçi we gyşlaga gelýän guşlaryň 200-den gowrak görnüşi, süýrenjileriň 22, oňurgalylaryň 250, süýdemdirijileriň 29 görnüşi gabat gelýär. 

Hazar deňziniň balyklar dünýäsi baradaky makala hem gyzyklydyr, bu ýerde bekre, takgaz, lakga, losos balyk görnüşleri bar. Taryhy maglumatlara görä, ozal bekreler Hazaryň türkmen kenarynda kän eken, Esenguly aýlagynda we ozal bol suwly Etrek derýasynda-da duşupdyr. Deňziň golunyň alny süýji suwly bolansoň balyklar bu ýerlere işbil taşlamaga gelipdriler. Hazarda şol balyklary köpeltmek üçin häzirki wagtda olary emeli usulda köpeltmek we harytlyk balyk ýetişdirmek boýunça hojalyk bar. 

Makalada gyzykly maglumatlar getirilýär. Mysal üçin, soňky ýyllarda kutum balygy köpelipdir. Esengulynyň töwereginde missisipi pansirnigi tutulypdyr, Baltika deňzinden bolsa, Ýewropa ýylanbalygy we beýleki ownuk balyklar kanallardan gelipdir, olar ýyrtyjy deňiz balyklaryna aw bolýar. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Gara deňizden getirilen ýylanbaş balyklar awlanylýan balyk bolup galdy. 

Şorlaşan ýerleri täzeden dolanşyga girizmegiň we olaryň şorlaşmagynyň öňüni almagyň usullary baradaky makala hem hünärmenleriň ünsüni özüne çekse gerek. Maglumatlar bölüminde Aşgabatda ilkiji seýilgäh zolaklaryny döreýşi, başga ýerlerden getirilen ösümlikleriň ýurdumyzda uýgunlaşdyrylyşy, şeýle hem diňe Köýtendagda bitýän astargallar, nowruzgüller, ýabany bägüller barada habarlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň