Soňky habarlar

Arhiw

Kubok — 2017: çärýek finalyň jogap duşuşyklaryna syn

18:3707.08.2017
0
983

«Balkan» «Barselona» bolup bilermi?

«Ahal» — «Balkan» (3:1)

Ýaýyň içindäki maglumatdan hem görşüňiz ýaly, «Ahal» birinji duşuşykda, myhmançylykda çykyş edýändigine garamazdan, 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Diňe duşuşygyň ahyrky minutlarynda Mekan Saparow toparyny halys boş galmakdan halas edipdi. Mekanyň bu goldawynyň ýarym finala çykmakda neneň peýdasynyň degjekdigi belli däl. Ýöne hasapdan çen tutsaň-a, «Ahal» ýarym finala ýakyn görünýär. Elbetde, «Balkan» «Barselonanyň» gudratyny görkezip bilmese...

Bir gol hemme zady deňläp biler

«Altyn asyr» — «Aşgabat» (1:0)

Geçen duşuşyk Myrat Ýagşyýewiň ikinji ýarymdaky golundan soň, «aragatnaşykçylaryň» minimal hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. Diýmek, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bir ädim öňde. Üstesine, «aragatnaşykçylar» üçünji aýlawyň ilkinji tapgyrynda hem dynç aldylar. Arakesmeden soň, ne ligada, ne-de kubokdan utulmakdan halas bolup bilýän «Aşgabat» bu gezek nähili jogap berip bilerkä? Amangylyç Koçumowyň şägirtleriniň «aragatnaşykçylaryň» derwezesine geçirip biljek ýekeje pökgüsi ýagdaýy, mümkinçilikleri deňläp biler. Şonuň üçin hem öňünden haýsy toparyň ýarym finala çykjakdygyny anyk aýtmak kyn.

Oýun etse, ogly ýeňer...

«Energetik» — «Merw» (1:1)

Arakesmeden soň, iki duşuşygy hem öz meýdanynda geçiren Aly Gurbanynyň şägirtleriniň ýagdaýy öwerlik däl. Mary derbisindäki deňlik diýseň, ligadaky utulyş hem toparyň keýpini gaçyrdy. Elbetde, myhmançylykda gazanylan deňlik «Energetigi» ýarym finala bir ädim ýakynlaşdyrdy. Emma «Merwiň» 19-njy tapgyrda «Aşgabat» bilen myhmançylykda geçiren duşuşygy onuň asla oýun etmeli topar däldigini görkezdi.

Güýçli ýeňermi, yhlasly?

«Köpetdag» — «Şagadam» (1:1)

Paýtagtly janköýerlere garaşýan ýene bir gyzykly duşuşyk. «Şagadama» öz meýdanynda «Köpetdagy» utmak eýgertmändi. Oýny gün-günden kämilleşýän topary Aşgabatda utmak hem «kenarlylara» kyn düşse gerek. Bilip bolanok, öňdäki üçlügiň esasy dalaşgärleriniň biri «Energetik» mundan üç gün ozal ligada geçirilen duşuşykda «Şagadama» boýun egdi. Eger Klimenko bilen Gurbanmämmedowyň şägirtleri ýene-de şol güýjüni we owadan oýnuny tapyp bilse, ýarym final näme üçin bolmasyn?! Emma soňky dörtlüge «Köpetdagyň» galmagyna hem garaşybermeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň