Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýaşlary ýedi aýda halkara ders we taslama bäsleşiklerinde 101 medal gazandylar

10:0707.08.2017
0
5434

Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň 7 aýynda ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 80 medala, şol sanda 11 altyn, 25 kümüş we 44 bürünç medala mynasyp boldular.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde 21 medal, şol sanda 4 altyn, 6 kümüş we 11 bürünç medal eýelemegi başardylar. Şeýle hem ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýanlar  halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler we dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň