Türkmenistandaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde iki tapgyrda 56 müňden gowrak çaga dynç aldy

10:0607.08.2017
0
3920

Şu ýyl ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde we mekdepleriň ýanyndaky meýdançalarda  tomusky  möwsümiň iki tapgyrynda çagalaryň 56 müň 273-si dynç aldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökdere jülgesinde, welaýat merkezlerinde gurlan döwrebap merkezler çagalaryň tomusky dynç alşyny ýatdan çykmajak täsire beslemegini üpjün edýär. Häzirki wagtda bu merkezlerde üçünji dynç alyş tapgyry dowam edýär. Ol täze okuw ýylynyň başlanmagyna birnäçe gün galanda tamamlanar. Bular babatynda Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň