Täze awtoulag kärhanasy dörediler

09:5907.08.2017
0
1267

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bosagasynda Türkmenistana döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň we ýeňil awtoulaglaryň ýüzlerçesi geldi. Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara we myhmanlara hyzmat etjek awtoulag serişdeleriniň uly tapgyrynyň gelip gowşandygyny aýdyp, degişli ýolbaşça Aşgabatda ýörite awtoulag kärhanasyny döretmegi hem-de onda tehnikalara hyzmat etmek boýunça ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň