Soňky habarlar

Arhiw

17-nji awgust Türkmenistanda awtoulagsyz gün diýlip yglan edildi

22:4106.08.2017
0
8411

Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ilatynyň köp sanly haýyşlaryny göz öňünde tutup, V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna çenli galan 30 günlük senäni belläp geçmegi we bu waka mynasybetli ýene-de bir ekologiýa çäresini, ýagny 17-nji awgustda awtoulagsyz güni geçirmegi teklip etdi. Şol gün birnäçe durmuş maksatly desgalar, şeýle hem nebitgaz toplumyna degişli desgalar ulanmaga berler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewe agşam Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynyň açylyş dabarasyny, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa bolsa Türkmen gawunynyň sergisini, Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň milli tagamlarynyň halkara sergisini guramagy, wise-premýer A.Garajaýewe

gala konserti guramagy tabşyrdy.

Bu örän gowy çäreler bolar, şeýlelikde, biz Türkmen gawunynyň baýramyny belläris hem-de paýtagtymyza has-da gözellik berjek birnäçe täze desgalary açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň