Awgust aýy Türkmenistanda iri medeni çärelere baý bolar

18:1306.08.2017
0
2317

Awgust aýynyň medeni çäreleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň çäklerinde hem-de Serhetçiler güni we Türkmen gawunynyň güni mynasybetli  maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar geçiriler. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmen gawunynyň gününiň hormatyna Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk dabaralaryny hem-de konsertleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bular barada Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň