Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew awgust aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň tertibi barada habar berildi.
Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri birnäçe döwletlerde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de dostlukly ýurtlaryň şeýle çäreleri Aşgabatda geçirildi.
Hasabat döwründe döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň we beýleki edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barlandygy bellenildi.