Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat 2017» oýunlaryna çenli paýtagtda arassaçylyga we tertibe ünsi güýçlendirmegi talap etdi

18:0806.08.2017
0
715
Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat 2017» oýunlaryna çenli paýtagtda arassaçylyga we tertibe ünsi güýçlendirmegi talap etdi

Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer D.Amangeldiýewiň  ünsüni “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna çenli galan wagtda çözülmeli gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi. Döwlet Baştutany paýtagtymyzyň köp köçelerinde alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň, şol sanda telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri V Aziýa oýunlaryna çenli şäheriň ähli ýerlerinde arassaçylygy we tertibi doly üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara Aşgabady ösdürmegiň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň