Soňky habarlar

Arhiw

Ýedi aýda ýangyç-energetika pudagynda ösüş 100 göterimden ýokary

18:0406.08.2017
0
1631

Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistanda nebitiň  gaz kondensaty bilen  çykarylyşynyň meýilnamasy 102,5 göterim, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim ýerine ýetirildi. Benzin önümçiliginiň meýilnamasy 105,3 göterime, dizel ýangyjynyňky — 104,2 göterime, polipropileniň öndürilişiniň meýilnamasy 105,4 göterime, çalgy ýaglarynyňky —114,4 göterime, suwuklandyrylan gazyň önümçilik meýilnamasy 118,5 göterime   barabar  boldy. Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji awgustynda geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 106,7 göterime, “mawy ýangyjyň” eksportunyň ösüş depgini 105,6 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 119,4 göterime deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň