Ýylyň 7 aýynda Türkmenistanda içerki önümiň öndürilişi 6,4 göterim artdy

10:1606.08.2017
0
3503

4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen içerki syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowyň hasabatyna görä, ýylyň geçen 7 aýynda jemi içerki önüm 6,4 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,4 göterim, gurluşykda 3,9 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,9 göterim, söwdada 9,2 göterim, oba hojalygynda 4,6 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,7 göterim artdy.

Bölek satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 17,4 göterim artdy.

Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy.

Ortaça aýlyk zähmet haky 9 göterim ýokarlandy.

Ýylyň başyndan bäri Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 11,1 milliard manada we çykdajy bölegi 10,6 milliard manada deň boldy.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri hem artdy. Bu görkeziji 28,95 milliard manada barabar boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň