Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygy çaltlandyrylar

09:0706.08.2017
0
10471

Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutany nebitgaz ulgamyndaky alnyp barylýan işleriň umuman ilerleýändigine garamazdan, entek köp sanly kemçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň doly güýjünde işledilmeginiň, suwuklandyrylan gazyň önümçilik möçberini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Degişli ýolbaşça nebitgaz pudagyndaky ýagdaýy seljermek, döwlet konsernleriniň netijeli işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek barada tabşyryk berildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda tebigy gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyny çaltlandyrmagyň möhümdigini aýtdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň