Soňky habarlar

Arhiw

12-nji awgustda Türkmenistanda Hazar deňziniň güni belleniler

08:3306.08.2017
0
3370

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 12-nji awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek hem-de bu çäräniň çäklerinde ylmy-amaly maslahaty, sport we medeni çäreleri, şeýle hem zehinli cagalaryň Hazar deňziniň gözel tebigatyna bagyşlanan bäsleşiklerini geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine, Türkmenistanyň daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna we Balkan welaýatynyň häkimligine Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çäreleri talabalaýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň