Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berildi

23:5905.08.2017
0
7066

Bir aýa çeken arakesmeden soň, 19-njy tapgyryň duşuşyklary bilen Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynyň üçünji aýlawyna badalga berildi.

Tapgyryň ilkinji duşuşygy Mary şäherinde geçirildi. Geçen möwsümiň bürünç medalçysy «Energetik» şu ýyl ilkinji üçlüge esasy dalaşgärleriň biri — Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Şu duşuşyga çenli «Energetik» möwsümde deňiz ýakasyndan gelen garşydaşlaryny diň utupdy. Toparlaryň arasynda birinji aýlawda Maryda geçirilen duşuşyk 2:1, ikinji aýlawda Türkmenbaşydaky duşuşyk bolsa 0:1 hasabynda «Energetigiň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýöne Aleksandr Klimenko bilen Rahym Gurbanmämmedowyň şägirtleri bu gezek has taýýarlykly geldiler. Eýýäm 4-nji minutda Begenç Annagurbanow myhman topary öňe çykardy. Birinji ýarymyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna bir minut galanda bolsa Serdaraly Ataýew myhmanlaryň hasabyna ikinji pökgini hem derwezeden geçirdi. 58-nji minutda Döwlet Baýramowyň geçiren goly ýer eýelerini umytlandyrdy. Ýöne Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtlerine utulyşdan halas bolmak başartmady. Şeýlelikde, «Şagadam» myhmançylykda ozalky ýitgileriniň öwezini dolup, ýaryş tertibiniň öňdäki üçlügine has ýakynlaşdy.

Paýtagtda geçirilen duşuşyklaryň biri hem myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy, onda ýaryş tertibindäki goňşular bolan «Aşgabat» «Merwi» kabul etdi.Umuman, paýtagtyň adybir topary üçin maryly futbolçylaryň hemişe-de agyr garşydaşdygyny ýatdan çykarmaly däl, birinji, ikinji aýlawlardaky duşuşyklarda-da «Aşgabat» kynlyk bilen — bary-ýogy bir pökgi tapawudy bilen ýeňiş gazanypdy.

Toparlaryň arasyndaky özara üçünji duşuşygyň ykbaly ikinji ýarymda çözüldi. 68-nji minutda Perman Hallyýew Mary şäheriniň toparyny öňe çykardy — 0:1. Şondan 7 minut soňra Annaberdi Çaryýew hasaby deňledi. Emma «Aşgabadyň» janköýerleriniň şatlygy uzaga çekmedi, hasabyň deňlenmeginden 2 minut soňra Rustam Mätryzaýew özüniň çempionatdaky ýedini pökgüsini geçirip, hasaby 1:2-ä çykardy. Şeýlelikde, «Merw» möwsümde ilkinji gezek «Aşgabady» ýeňlişe sezewar etdi.

Milli birinjiligiň ýene-de bir duşuşygy Aşgabatda geçirildi. Onda ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Ahal» «Köpetdagy» 1:0 hasabynda kynlyk bilen ýeňdi. Ýeňiş pökgüsi 24-nji minutda Gurbangeldi Aşyrowdan geldi. Bu onuň möwsümdäki bäşinji pökgüsidir.

Tapgyrdaky «Balkan» — «Turan» duşuşygynda myhman topara tehniki ýeňliş yglan edildi. Şeýlelikde, 19-njy tapgyrdaky ýeňşinden soň «Ahal» iň ýakyn garşydaşy «Balkandan» 6 utuklyk tapawut bilen birinji orunda barýar. Öňdebaryjydan 7 utuk yza galan häzirki çempion «Altyn asyr» bolsa bu tapgyrda dynç aldy.

Maglumatlary ýygnamagy halaýanlar üçin duşuşyklaryň protokol maglumatlaryny hödürleýäris:

"Ahal" – "Köpetdag" – 1:0 (1:0)

5-nji awgust. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 500 tomaşaçy.

Gol: Gurbanguly Aşyrow 24.

Duýduryş alanlar: Ýazgylyç Gurbanow 70, Möwlamberdi Goşşanow 90+4 (ikisem – Köpetdag).

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň inspektory: Wadim Baratow.

 

"Energetik" – "Şagadam" – 1:2 (0:2)

5-nji awgust. Mary. «Energetik» stadiony. 1000 tomaşaçy.

Gollar: Döwlet Baýramow 58 – Begenç Annagurbanow 4, Serdaraly Ataýew 44.

Duýduryş alanlar: Tirkiş Muhammetberdiýew 21, Begli Meredow 35 – Annasähet Annasähedow 2, Pirmyrat Sultanow 25, Begenç Annagurbanow 29.

Emin: Babanazar Haknazarow.

Duşuşygyň inspektory: Bagtyýar Atajanow.

 

"Aşgabat" – "Merw" – 1:2 (0:0)

5-nji awgust. Aşgabat. TDY we DI-niň futbol meýdany. 100 tomaşaçy.

Gollar: Annaberdi Çaryýew 75 – Perman Hallyýew 68, Rustam Mätryzaýew 77.

Duýduryş alanlar: Boris Iwanow 64, Ylýas Akyýew 71, Nazar Baýramow 79 (ählisi – "Aşgabat").

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Allabergen Sapaýew.

 

"Balkan" – "Turan" + : –

19-njy tapgyrdan soň ýaryş tertibi:

Iň köp tapawutlanan futbolçylar:

1. Myrat Ýagşyýew ("Altyn asyr") – 12 pökgi.

2. Yhlas Magtymow ("Balkan") – 11 pökgi.

3. Amir Gurbany ("Şagadam") – 10 pökgi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň