Soňky habarlar

Arhiw

Täze okuw ýylynda ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi talyplyga kabul ediler

10:5305.08.2017
0
6375

Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde habar berlişi ýaly, daşary ýurtlaryň, şol sanda Belarus Respublikasynyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaga  isleg bildirýän dalaşgärler üçin synaglar geçirildi. Häzirki döwürde olary ugratmak boýunça guramaçylyk çäreleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 8 müň 308 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 8 müň 313 okuwçy kabul ediler.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Olara 34 müň 496 dalaşgärlerden resminamalar  kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan giriş synaglarynyň barşyna ünsi çekdi. Bu işe degişli ähli adamlara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz wajyp möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmelidigini, onda haýsydyr bir ýaramaz ýagdaýa ýol bermeli däldigini tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerine hakykatdan hem zehinli we zähmetsöýer ýaşlar girmelidir hem-de okamalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň