Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 7 aýda 27 sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi

10:4105.08.2017
0
5415

Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow geçen 7 aýyň dowamynda ýurdumyzyň DIM-inde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň 2017 — 2023-nji ýyllarda daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri milli Liderimiziň daşary ýurtlara guran saparlarynyň, şeýle hem  daşary döwletleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we BMG-niň Baş sekretarynyň  ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri  halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen we ählumumy gyzyklanmalara laýyk gelýän işjeň strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň DIM-i bilen  beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän iki taraplaýyn geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Hasabat döwründe bu ugur boýunça 27 duşuşyk geçirildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri bilelikdäki hökümetara toparlarynyň 11 mejlisi, şeýle hem ikitaraplaýyn işewürler maslahatlary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň