Aşgabadyň şäheriçi gatnawy täze awtobuslaryň 200-si, taksileriň 100-si bilen ýetirildi

10:3005.08.2017
0
10106

Aşgabat şäheriniň ulag ugurlary boýunça birbada Koreýa Respublikasynyň “Hyundai New Super Aero City” kysymly täze awtobuslarynyň 200-si we Ýaponiýanyň “Toyota Corolla” kysymly taksileriniň 100-si çykaryldy. Bu ulaglar paýtagtymyzyň ulag parkynyň üstüni ýetirip, şäheriçi boýunça ýokary hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. 

Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan dünýä belli kompaniýalar bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, diňe soňky wagtda awtoulag serişdeleriniň jemi 840-sy satyn alyndy, olaryň 500-si “Hyundai New Super Aero City” kompaniýasynyň awtobuslary we 200-si “Toyota Corolla” kompaniýasynyň ýeňil ulaglary, 50-si “Yutong” kysymly orta ululykdaky awtobuslar, 50-si “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobuslar we 40-sy bolsa “Yutong” kysymly uly awtobuslardyr.

Satyn alnan täze awtoulaglar şäher ugurlary boýunça, şeýle-de “Aşgabat 2017” Oýunlaryna gatnaşyjylara we myhmanlara hyzmat etmek üçin peýdalanylar. Eýýäm häzirden sürüjiler, şeýle hem ýolagçylar täze awtoulaglaryň artykmaçlyklaryna oňat baha berdiler. Mundan başga-da, şu ýylyň maýynda oýunlaryň nyşanlary bilen bezelen “Hyundai Aero City” awtobuslarynyň 30-sy Aşgabadyň köçelerine çykdy. Olarda ahalteke bedewiniň, Wepaly alabaýyň we Aziadanyň tumarynyň şekilleri ýerleşdirildi.

“Hyundai New Super Aero City” kompaniýasynyň giň we oňaýly awtobuslarynda 27 oturgyç bar. Awtobusda ýolagçylar üçin zerur howany üpjün edýän enjam ýokary derejede işleýär hem-de awtobusyň beýikligi onuň howasyny täzelemäge mümkinçilik berýär, şeýle hem onda yşyklandyryş ulgamy, elektron wagt görkezýän tablo, sesli aragatnaşyk sazlaşykly işleýär. Awtobuslaryň hereketlendirijileri Ýewro 4 ekologiýa standartyna doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly serişdeleriň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.

Taksi çekleri berýän enjamlar, bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde tölegler üçin ykjam töleg terminallary bilen üpjün edilendir. Awtobuslarda we ýeňil awtoulaglarda geopozisiýa (GPS) ulgamynyň abzallary oturdylandyr, munuň özi awtoulag serişdesiniň häzirki wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, şeýle hem sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylyşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerine bildirilişi ýaly, ýeňil awtoulaglara howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa babatda ýokary talaplar bildirilýär. Bu ölçegler babatynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze amatly ulaglary bildirilýän ýokary talaplara we dünýä ölçeglerine doly kybap gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň