Aşgabadyň iri dükanlary täze iş tertibine geçýärler

10:1305.08.2017
0
10936

Myhmanlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň amatlyklary üçin 1-nji awgustdan başlap, Olimpiýa şäherjiginiň golaýynda ýerleşýän söwda nokatlarynyň gije-gündizde 24 sagadyň dowamynda işläp başlady. Olaryň hatarynda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň “Kämil” marketi, “Altyn asyr” we “Paýtagt” söwda merkezleri, “Şazada” supermarketi, “Bereket” we “Miras” dükanlary bar.

Bazarlaryň we dükanlaryň tekçelerindäki bolçulyk ýurdumyzda ygtybarly azyk üpjünçiliginiň döredilendigine şaýatlyk edýär. Bu pudak Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň möhüm bölegidir. Dükanlarda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň dürli görnüşleri: hyýarlar, pomidorlar, kelem we şugundyr, ýeralma, almalar, armytlar we beýlekiler bar — hemmesini sanap geçmek mümkin däl. Ter önümlerden başga-da, islendik islege laýyk gelýän gaplanylan önümler bar. Dükanlarda dürli görnüşli çörekler, et önümleri, guradylan miweler we beýleki süýji iýmitler bar. Şeýle-de, şireli, alkogolsyz, mineral içgileriň dürli görnüşleri bar.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maldarçylyk toplumlarynda taýýarlanylýan dürli görnüşli peýnirler hem alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Dükanlarda hödür edilýän dürli görnüşli azyk däl harytlaryň sanawynda parfýumeriýa, dokma önümleri, sowgatlyklar, çaga oýnawaçlary, elektronika önümleri, egin-eşikler, aýakgaplar, kosmetika we şaý-sepler, sagatlar we ykjam telefonlar we köp sanly beýlekiler bar.

Alyjylar üçin amatly bolar ýaly gije-gündizleýin işleýän dükanlarda nagt pullary almak, şeýle hem ykjam we öý telefonlary hyzmatlaryny tölemek üçin bankomatlar işleýär. Daşary ýurtlardan syýahatçylaryň ýurdumyza gelip görmäge isleg bildirýänleriň sanynyň barha artýandygy göz öňünde tutulyp, bankomatlaryň maglumatlary diňe bir türkmen dilinde däl-de, iňlis we rus dillerinde ýazylandyr.

Gije-gündizleýin işleýän dükanlaryň ýanynda kafeler hem bardyr, olar gije-gündiziň islendik pursady alyjylara tagamly naharlary we içgileri hödürlemäge taýýardyr. Amatly gurnalan kafeteriýlerde doňdurmalar, dürli görnüşli süýji-köke önümleri we beýleki süýji tagamlar hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň