Türkmen gawunynyň baýramy 17-nji awgustda belleniler

09:0705.08.2017
0
10444

Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde milletiň Lideri her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ajaýyp baýramyň – Türkmen gawunynyň gününiň bellenip geçilýändigine ünsi çekip, şu ýyl Gawun baýramyny 13-nji awgustda däl-de, 17-nji awgustda, ýagny V Aziýa oýunlaryna 30 gün galanda belläp geçmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, öň geçirilişi ýaly, şol gün ir bilen bu baýrama bagyşlanan dabaraly çäreleri Aşgabatda —  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirmegi, bu ugurda oňat netijeleri gazanan daýhanlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy hem-de gawunlaryň görnüşleriniň sergisini guramagy tabşyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň