Türkmen alymlary düýe süýdünden gury önüm almagyň üstünde işleýärler

10:2103.08.2017
0
6348

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň hem-de Tehnologiýalar merkeziniň dermanlyk serişdeleri döretmegiň tehnologiýasy laboratoriýasynyň hünärmenleri düýe süýdünden ýarym taýýar önüm almak bilen meşgullanýarlar. Merkeziň enjamlarynda süýtden, agarandan, çaldan we „Doýran“ atly turşumtyk içgiden gury garyndylar alyndy. Bu işiň maksady- alyjylar köpçüligine elýeter bolar ýaly önümiň ekologik arassalygyny we saglyk üçin peýdaly sypatlaryny dikeltmekdir. 

Häzirki wagtda gury süýdüň düzümi, saklanyş usullary öwrenilýär we olardan ýokary hilli hem-de peýdaly täzeden dikeldilýän önüm almak boýunça barlaglar geçirilýär. 

Düýedarçylyk maldarçylygyň özboluşly pudagydyr, alymlar marketologlar bilen bilelikde alyjylaryň daşalanda çalt zaýalanýan önüme bolan islegini kanagatlandyrmak meselesini çözmäge çalyşýarlar. Peýdalylygy bireýýäm öwrenilip, subut edilen düýe süýdüniň we ondan alynýan önümleriň öndürmegiň artdyrylmagy ony daşary ýurtlara ibermek nukdaý-nazaryndama peýdalydyr. 

Türkmenistanyň Ylymlar akadmiýasynyň alymlarynyň barlaglary şowly bolsa, onda ol senagat taýdan özleşdirmek üçin giňişleýin ulanylar. Düýe süýdünden gurak önüm alynmagy bazary tagamly we islegli haryt bilen üpjün etmäge hem-de daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berer, bu bolsa düýedarçylyk pudagny ösdürmäge goşmaça maýa goýumlaryny çeker.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň