Harby we hukuk goraýjy edaralaryň söweşjeň taýýarlygyny barlamak boýunça tälim-okuw türgenleşigi geçirildi

09:4802.08.2017
0
8556

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän serhet galasynda ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan we ýurdumyzyň harby düzümleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany hödürlenen häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň birini eline alyp, onuň aýratynlyklaryny synlady we bu ýerden nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi Arkadag Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdepdigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Soňra döwlet Baştutany bu ýerde goýlan pistoletden nyşana ok atmakda öz ussatlygyny görkezdi. Oklaryň hemmesiniň onluga düşmegi  yzygiderli türgenleşikleriň we özüňe erk etmegiň ýokary nusgasynyň aýdyň netijesidir.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy uzakdaky nyşana söweş pyçaklaryny örän dürs zyňyp, sowuk ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby tälim-okuw türgenleşiginiň geçýän ýerine geldi. Bu ýerde “Türgen — 2017” atly tälim-okuw türgenleşigine badalga berildi.

Döwlet serhedini bozan ýaragly toparlary ele salmak hem-de zyýansyzlandyrmak boýunça taýýarlanan tälim-okuw türgenleşigine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi gatnaşdylar. Bellenen yşarat boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň nobatçy güýçleri we ýörite maksatly toparlary aýaga galdyryldy. Bikanun ýaraglanan toparlaryň hereketlerini ýüze çykarmak we maglumatlary ýygnamak maksady bilen, söweşjeň taýýarlykda nobatçylykda duran Döwlet serhet gullugynyň «Da-42» kysymly uçary çagyrylýar. Bu uçar serhetýaka etrabynda aňtaw uçuşyny geçirýär.

Tälim-okuw türgenleşiginiň maksadyna laýyklykda, D-30 kysymly artilleriýa toplary ýaragly toparyň hereketini böwetleýär, olaryň hüjüm edýän hereketlerini derbi-dagyn edýär we bikanun ýaraglanan toparlaryň söweş hatarlaryna, ot atyş sepgitlerine ot açyp, olara uly mukdarda ýitgi çekdirýär.

Şonuň bilen birlikde, bikanun ýaraglanan toparlaryň sowutly tehnikalaryna we janly güýjüne has netijeli urgy etmek, olary hatardan çykarmak we derbi-dagyn etmek maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň 2 sany «Awgusta-109» kysymly dikuçarlary çagyrylýar. Bellenen wagtda bu dikuçarlar bikanun ýaraglanan toparlaryň jemlenen ýerlerine awiasiýa raketalary bilen dürs urgy edýär.

Bilelikde hereket edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzüminden döredilen ýörite maksatly toparlar sowutly tehnikalarda hem-de awtoulaglarda bellenen etraplardan herekete başlap, bikanun ýaraglanan toparlaryň galan güýçlerini gabamak we doly ýok etmek üçin söweşe girişýärler.

Uçarmansyz uçuş enjamynyň kömegi bilen awtoulaglarda aýlawly ýollary peýdalanyp, Döwlet serhedimiziň çägini böwsüp, 10-15 adamdan ybarat bikanun ýaraglanan toparlaryň serhetýakasynda ýerleşýän ilatly nokada tarap hereket edýändigi ýüze çykarylýar.

Dolandyryş merkeziniň çep tarapyndan ýörite maksatly toparlar N1MR kysymly awtoulagda herekete başlaýarlar. Olaryň hereketlerini goldamak üçin bilelikde hereket edýän mergenler topary dessin hereket edip, amatly söweş orunlaryny eýeleýärler hem-de bikanun ýaraglanan toparlara garşy ot açýarlar.

«Türgen — 2017» atly tälim-okuw türgenleşiginiň maksatnamasyna laýyklykda, harby gullukçylar bikanun ýaraglanan toparlary ýok etmek babatda öz hünär ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly düzümleri sazlaşykly hereketleri bilen tapawutlanyp, islendik garşydaşa berk gaýtawul bermäge bolan ukybyny nobatdaky gezek äşgär etdiler.

Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň ýörite ýangyn söndüriji «Mi-8» kysymly dikuçary ot söndürmek işlerini geçirdi. Dikuçarda ýerleşdirilen suw döküji gurluşy, açyk suw howdanlardan ýa-da gaplardan dikuçarda suw almak, daglarda, tokaýlarda we barmasy kyn bolan ýerlerde ýangynlary söndürmek üçin niýetlenen.

Soňra bu ýerde türkmen alabaýynyň päsgelçilik zolagyndan geçişi görkezildi. Serhet goşunlarynyň düzümindäki gulluk itleri, ýörite itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezinde ýetişdirilýär. Eziz Watanymyzyň  mukaddes serhetleriniň  ygtybarly goraglylygyny pugtalandyrmakda, serhet bozujylary tiz ele salmakda bu gulluk itleriniň mynasyp orny bar.

Tälim-okuw türgenleşikleri tamamlanandan soň, döwlet Baştutany türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň esaslaryny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutany Serhet institutynyň meýdançasyna geldi we onuň ýolbaşçylarynyň haýyşy boýunça milli Liderimiziň şu günki nyşana ok atmak boýunça has oňat netijelerini görkezýän nyşana gol goýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde welosipedde “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.

Ýolugra milli Liderimiz sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz medeni-köpçülikleýin we baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ýerleri kesgitlemäge jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Dürli ähmiýetli çäreleriň, şol sanda iri sport ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreleri görmek möhümdir diýip, döwlet Baştutany

Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginiň öňde boljak yklymlaýyn ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde aýratyn möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli baýramçylyk maksatnamasynyň  ýokary derejede geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz we welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň edara binasynyň ýanynda saklandylar. Şol ýerde halkymyzyň taryhynda şöhratly yz goýan beýik serkerde Alp Arslanyň ýadygärligi ýerleşýär. Bu ýerde milli Liderimiz şu günki çäreleriň netijeleriniň jemini jemledi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň