Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

09:3002.08.2017
0
9097

1-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň  Ýaragly Güýçleriniň käbir bölümleriniň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen, ýarygijeden soň,  olaryň şahsy düzümini duýdansyz aýaga galdyrdy, şeýle hem  Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Döwlet Baştutany mejlisi açmak bilen, häzirki döwürde

“Aşgabat 2017-niň” oýunlaryna  taýýarlyk görmegiň, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerine   aýratyn ornuň degişlidigini aýdyp, bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki döwürde Milli Goşunda ýokary söweşjeň taýýarlygy, şahsy düzümleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ýaragly Güýçleriň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär we goşun bölümlerine häzirki zaman söweşjeň tehnikalarynyň täze tapgyrlary gelip gowuşýar.

Döwlet Baştutany Ýaragly Güýçleriň  ýokary hünärli serkerdeler bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, işgärleri taýýarlamak ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem ol V Aziýa oýunlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bu meseleleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarlylygyny, eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. 

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň işini has-da kämilleşdirmek, serhetçileriň netijeli gulluk etmegi we göwnejaý ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — iýul aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem ýurtda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy  “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtymyzda ulag hereketini kadalaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama hakynda habar berdi. Mundan başga-da, ol ministrligiň degişli gulluklary tarapyndan neşe söwdasy bilen meşgullanýanlaryň ele salnandygy, olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy hakynda hasabat berdi.

Kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmegiň demokratik, hukuk döwletiň möhüm meselesi bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň işine täzeçil usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýollarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegine gönükdirilen zerur çäreleri geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin,  Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz berjaý etmek ýörelgesine eýerip, her bir işiň jikme-jik öwrenilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli okuwlar guralmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Baş prokuror B.Atdaýew prokuratura edaralarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we ähli pudaklarda kanunçylygyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipelere ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kanunlaryň rüstemligini üpjün etmegi, adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramagy esasy wezipeleriň hatarynda görkezip, prokuratura edaralarynda özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýän ýokary hünärli hünärmenleriň işlemelidigini nygtady we bu düzümiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän düzüminde 2017-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ählisini üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm şert bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ministrligiň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekip, milli Liderimiz öňde boljak V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümiň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp,  ýurdumyza getirilýän ýüklere degişli gözegçiligi ýola goýmak, olaryň ykrar edilen hil ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz işgärleriň hünär derejesi bilen bir hatarda gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow  şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz “Aşgabat 2017-niň” ýaryşlarynyň bu ugurdaky esasy wakalaryň biri bolup durýandygyny aýtdy. Gullugyň öňünde durýan, onuň esasy borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan  birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki ýurtlardan gelýän raýatlaryň, şeýle hem Aziýa oýunlaryna geljek myhmanlaryň degişli migrasiýa çäresini geçmegi üçin halkara ülňülerine laýyk şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy  M.Çakyýew amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada  hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzda parahorluga we korrupsiýa garşy göreş çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagynyň netijesinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçy wezipesinde işleýän adamlaryň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, eden jenaýatçylygynyň üstüniň açylandygyny we olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, döwlete zyýan ýetirmek bilen baglanyşykly ykdysady jenaýatlary ýüze çykarmagyň, öňüni almagyň, üstüni açmagyň we ony seljermegiň bu düzümiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny we onuň milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlygy möhüm talap bolup durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Adalat ministri B.Muhammedow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, täze kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy, şeýle hem raýatlar üçin jemgyýetçilik kabul edişligini yzygiderli guramagyň çäklerinde hereket edýän kadalaşdyryş-hukuk namalaryny ilata düşündirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi we ähli gulluklaryň ýolbaşçylaryndan öz işine jogapkärli çemeleşmegi talap etdi we “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň ýokary derejede howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz göçme mejlisiň ahyrynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna eziz Watanymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen jogapkärli işlerinde we gulluklarynda üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň