Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

09:2301.08.2017
0
6108

31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutany tarapyndan maslahatyň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň hatarynda şäherleri we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy baradaky meseleler bar.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew  döwlet Baştutanynyň paýtagty abadanlaşdyrmak, täze gök zolaklary döretmek hem-de düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça  ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem iri desgalaryň gurluşygynyň barşy we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti şäher häkimliginiň öňünde durýan ilkinji derejeli wezipeleri kesgitläp, häkime medeni-durmuş, injener-tehniki hem-de ekologiýa ugurlaryny hem  öz içine alýan işleri Aşgabatda toplumlaýyn geçirmek babatynda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany türkmen paýtagtynyň halkara derejesiniň mundan beýläk-de belende göterilmegi babatynda “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň ägirt uly ähmiýetine ünsi çekip, taýýarlyk işleriniň her bir ugry boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Welaýat häkimleri ýurtda alnyp barylýan işler, oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurdumyzda obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegi, oba hojalyk önümçiliginiň möçberleriniň artdyrylmagy, ekerançylaryň, kärendeçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, döwletimiziň olary ýokary hilli tohum, mineral dökünler, kuwwatly tehnika, suw bilen doly möçberde üpjün edýändigini aýtdy.

Şunuň ýaly höweslendirişe hem-de anyk maddy goldawa garamazdan, tutuşlygyna alnanda, pudagyň özüni ödemegi pes derejede galýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti alnyp barylýan işlere nägileligini bildirdi we hojalyklaryň dolandyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň pudakdaky işleriň düşewüntli bolmagynyň baş şertine öwrülmegi üçin ýerlerde nähili usullary hem-de gurallary ýola goýmagyň zerurdygyny anyklamagy welaýat häkimlerinden talap etdi.

         Şeýle hem milletiň Lideri Ahal welaýaty boýunça  “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşygynyň barşy, Mary welaýaty boýunça belli seneler we wakalar mynasybetli welaýatda medeni-köpçülik çärelerini we dabaralaryny  geçirmek boýunça hem tabşyryklary berdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar babatda degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň