Giriş synaglary başlandy

03:2831.07.2017
0
24456

Ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerinde giriş synadlary başlandy. Olarda tamamlanan resminamalar kabul edişligi şu ýyl okuwa gelenleriň sanynyň känligini görkezýär. 

Täze açylan Jemagat hojalygy instituty bu görkezijide öňde abrýar. Onda bir ýere 7 dalaşgär bar. Ýaşlar Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda synag tabşyrarlar. Täze ýokary okuw jaýynda gurluşyk we binagärlik; tehnologik maşynlar we enjamlar; energetika; dizaýn; pudagyň kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; ýaşaýyş-durmuş howpsuzlygy, tebigaty abadanlaşdyrmak we daşky gurşawy goramak; kompýuter tehnologiýalary ýaly ýedi ugurdan hünärmenler taýýarlanylar. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby bolmaga höweseklerem kän. Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna hem edil ýurdumyzyň iň köne okuw jaýyndaky ýaly bir ýere 6 adam dalaş edýär. 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda hem bir ýere 4 dalaşgär bar. 

Eýýäm giriş synaglary başlanan orta hünärment okuw jaýlarynda bir ýere ortaça üç adam dalaş edýär. Daşoguzyň, Marynyň we Türkmenabadyň orta lukmançylyk mekdepleri has-da meşhurdyr. Mugallymçylyk orta mekdeplerinde okamaga-da höwesekler kän. 

Synaglar hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinden başgalarda 22-nji awgustda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň