Balkan welaýatyndan Süleýman Öwezow „Arzy-Gamar“ dessanyny tapdy

18:3730.07.2017
0
107
Balkan welaýatyndan Süleýman Öwezow „Arzy-Gamar“ dessanyny tapdy

Milli golýazmalar institutynyň işgärleri we ýurdumyzyň kitaphanalarynyň, arhiwleriniň we muzeýleriniň esasy hünärmenleri Medeniýet ministrliginiň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurnan etnografik saparyň çäklerinde Balkan welaýatynyň oba-şäherlerine aýlandylar. 

Magtymguly, Esenguly, Etrek, S. Türkmenbaşy etraplarynda, Balkanabat, Hazar we Türkmenbaşy şäherlerinde dilden-dile geçip gelýän halk dörejiligiň tükeniksiz hazynasyndan özboluşly maglumatlar ýygnaldy. Ylmy taýdan öwrenmek üçin nakyllardyr atalar sözleri, degişmeler, däp-dessur aýdymlary, sanawaçlar we halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri ýygnaldy. Gymmatly maglumatlary bilýänler we olary kimden eşidenligi baradaky maglumatlar ýazylyp alyndy, olaryň aýdanlary ses we wideoýazga geçirildi. 

Tapmaçalar, nakyllardyr atalat sözleri we halk döredijiliginiň beýleki žanrlary halk parasadynyň tükenmez hazynasydyr, elýetmez çeperçilik serişdelri bilen beýan edilýän şahyrana pikiriň nusgawy görnüşidir. Olar mekdep sapaklarynda ulanylyp, adamyň pikirleniş ukybynyň ýitileşmegine ýardam edýär, onuň gepleýiş sözlügüni baýlaşdyrýar. Olar adamyň häsiýetinden başlap belent düşünjelerdir ruhy gymmatlyklara çenli ynsan durmuşynyň ähli ugurlaryna degişlidir. Sapara gatnaşanlar birnäçe gezek munuň şeýledigine göz ýetirdiler. Ekerem obasynda folkloryň kiçi görnüşlerini ýyganaýan Aşyr aga dürli döwürde ýerli balykçylaryň arasynda dörän nakyllardyr atalar sözlerini aýdyp berdi. Ol kenar ýakasynyň ilatynyň balyk tutmaga we awa gidende ýer hem-de wagt kesgitlemek bilen baglanşykly yrymlary barada gyzykly gürrüň berdi. 

Çeleken ýarym adasynda, Hazar şäherinde we obalarynda küştdepdi, onuň köpsanly görnüşleri we häzirki döwürde beýan edilişi barada Türkmenistanyň halk artisti Söýünmämmet Hudaýberdiýew gyzykly gürrüň berdi. Joşgunly bu tans asyrlarboýy kämilleşen tilsimleri we aýdym-gazallary bilen alymlaryň ünsüni özüne çekýär. 

S.Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylsuw adasyndaky adybir şäherçede bu mowzuk dowam etdirildi. Etrap merkezinde mugallym Gülbibi Mämmetgylyjowa 63 ýaşda (Muhammet pygamber ýaşynda) akgoýun toýunda edilýän ýerli däp-dessurlar barada gürrüň berdi. 

Magtymguly etrabynyň Kürüždeý obasynda mugallym we nohurlaryň taryhydyr hüwdülrini öwrenýän ülkäni öwreniji Süleýman Öwezow folklorçylara „Arzy-Gammar“ atly özboluşly dessan gowşurdy. 

Ol indi ençeme ýyl bäri bagşylary diňläp bu eseriň böleklerini toplap gelýär. Mundan başga-da, dessanyň aýry-aýry böleklerini ýatdan bilýän gojalaryň gürrüňlerini hem ýazyp alypdyr. S.Öwezow onuň böleklerini tapyp, yzygiderlikde sepleşdirip, halk döredijiliginiň bu ozboluşly eserini geljekki nesiller üçin ýazyp alypdyr.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň