Hormatly Prezidentimize Aziadanyň ilkinji akkreditasiýa resminamasy hem-de V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna ilkinji çakylyk gowşuryldy

23:3729.07.2017
0
7824

Köpçülikleýin welosiped ýörişinden soňra döwlet Baştutanymyz “Trivandi Сhanzo Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Jin Tomlin bilen söhbetdeş boldy. Jin Tomlin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäreleri boýunça Türkmenistanda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Jin Tomlin iri yklymlaýyn ýaryşlara bolan taýýarlyga Türkmenistanda örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilýändigini aýratyn belledi we bu ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de onuň çäklerinde guraljak çäreleriň örän ýatda galyjy boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra kompaniýanyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy guramaçylyk komitetiniň adyndan hem-de öz adyndan milli Liderimize Aziadanyň ilkinji akkreditasiýa resminamasyny we V Aziýa oýunlarynyň açylyş, ýapylyş dabaralaryna hem-de sport ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ilkinji çakylygy uly hormat bilen gowşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hormat üçin minnetdarlyk bildirip, Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny, ýöne entek etmeli işleriň köplügini belledi. Sport, munuň özi diňe bir parahatçylygyň ilçisi däl, eýsem, gözelligiň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň esasy nyşany bolup durýa.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolan pursatynda onuň tertipnamasynda sportuň 16 görnüşiniň bardygyny, bu gün bolsa olaryň sany 21-e ýetendigini belledi. Şeýle hem ilki başda Aziýa oýunlaryna gatnaşýan döwletleriň sany 22 bolan bolsa, oňa Okeaniýa ýurtlary hem goşulyp, onuň möçberi 64-e ýetdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň