Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 640 müň dollardan gowrak boldy

18:5329.07.2017
0
2713

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler dürli görnüşli tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümleri, flanel matany, nah ýüplükleri, hojalyk pamygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 640 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 339 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 1 million 102 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň