Soňky habarlar

Arhiw

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly neşiriň nobatdaky, 9-njy sany çapdan çykdy.

02:3928.07.2017
0
3651

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly neşiriň nobatdaky, 9-njy sany çapdan çykdy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda alyp baran köpugurly we netijeli işleri beýan edilýär. Şol ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň halkara hukuk derejesini gazanmagynyň 20 ýyllygyna beslendi.

Milli Liderimiziň “... 2015-nji ýylyň ýurdumyz üçin çylşyrymly ýyl bolandygyny bellemek isleýärin. Döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýylynda biz dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde oňat netijeleri gazanmak üçin möhüm çäreleri amala aşyrdyk. Häzirki döwürde, şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň döwletimizi ösdürmekde jebisleşdiriji we durnuklaşdyryjy täsire eýedigini bütin dünýä subut etdik” diýip aýdan sözleri neşiriň ähli makalalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçip, hronologik beýana giriş boldy.

Kitap maglumat-seljeriş syny bilen açylýar, onda jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýeti innowasion-industrial taýdan ösdürmek, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özgertmek, halkara giňişliginde ýurdumyzyň ornuny berkitmek meseleleri düýpli beýan edildi. Makala milli Liderimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda başy başlanan we amala aşyrylýan özgertmeleriň batly depginleri we giň gerimli özgertmeleri barada umumy düşünje berýär.

Neşirde garalýan döwürde bolup geçen möhüm wakalara giňden syn berilýär. Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) resmi habarlarynyň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlar boýunça amala aşyran iş saparlary, Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoşekilli iş maslahatlary, Mejlisiň maslahatlary we kabul edilen kanunçylyk namalary barada gürrüň berilýär. Okyjylar kitabyň sahypalarynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanlary, Kararlary we Buýruklary bilen tanşyp bilerler.

Neşirde Türkmenistanyň öz Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barşy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyndan ruhlanan jebis we agzybir halkyň tutanýerli zähmeti netijesinde Watanymyzda höküm sürýän asuda, abadan we döredijilik ylhamyndan doly bolan bagtly durmuş barada gürrüň berilýär.

Kitapda yzygiderli tertipde beýan edilen wakalar we habarlar ýurtda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň durmuş ugurlylygynyň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini üpjün edýändigini aýdyň görkezýär. Döwlet öz raýatlarynyň öňünde Konstitusiýada bellenilen durmuş borçnamalaryna ygrarly bolup galýar. “...Meniň bar aladam diňe halkymyzyň bähbidine, ilatyň bolçulykda, abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir” diýip, milli Liderimiz belleýär.

Bu neşir Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanyldy we türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň