Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda onlaýn hyzmatlaryň görnetin köpelýändigi duýulýar

04:5526.07.2017
0
12816

2017-nji ýylda Türkmenistanda onlaýn hyzmatlaryň örän köp sanlysynyň, şol sanda ähli banklar üçin Internet bankingleriň Altyn Asyr milli kartlar üçin internet we mobil bankyň işi ýola goýuldy. Şeýle hem häzir olaryň soňkusy arkaly «Türkmenhowaýollarynyň» peteklerini satyn almak boýunça hem işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda internet we mobil bankynyň hyzmatyndan peýdalanýanlar ähli jemagat hojalygy we durmuş hyzmatlary, mysal üçin, mobil aragatnaşygy, karzlary, IPTV boýunça tölegleri geçirip bilýärler. Özem töleg işleri bada-bat amala aşyrylýar.

Türkmenistanda çykarylan Visa we MasterCard halkara kartlarynyň kömegi bilen, daşary ýurtlarda okaýan talyplar öz okuwlary we beýleki hajatlary, syýahatçylar bolsa myhmanhanalarda bolan günleri üçin hiç hili päsgelçiliksiz töleg geçirip bilerler.

Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri halkara kartlarynyň kömegi bilen hiç hili päsgelçiliksiz geçirip bilýändiklerini hem bellemek möhümdir.

Türkmenistanyň çägindäki söwda nokatlarynyň we edaralarynyň tas ählisinde diýen ýaly islendik kart görnüşlerinde töleg kabul eder ýaly terminallaryň bardygyny-da ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň